Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Öňki gepleşikler ‘çapraz’ pozisiýalarda gutaransoň, ýygnakda ýene rus-ukrain dartgynlygy maslahatlaşylar

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) hemişelik geňeşiniň Wenadaky ýygnagynyň başlanmagy bilen, 13-nji ýanwarda Russiýanyň Ukraina bilen serhediniň golaýynda barha kän goşun toplamagy netijesinde dörän dartgynlygy aradan aýyrmaga gönükdirilen gepleşikleriň üçünji tapgyry geçirilýär.


Moskwa bilen Waşington Ýewropanyň howpsuzlygy meselesinddäki garaýyşlarynyň bir-biriniňkiden “düýpli” tapawutlanýandygyny eýýäm, şu hepdäniň başynda Ženewada we Brýusselde geçirilen dartgynly gepleşiklerde hem görkezmäge ýetişdiler we, ABŞ-nyň ÝHHG-daky ilçisiniň aýtmagyna görä, 13-nji ýanwarda boljak gepleşiklerde hem üýtgeşik ilerleme bolmagyna garaşylmaýar.


ABŞ-nyň Ýewropadaky howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň hemişelik wekili Maýkl Karpenter hem bu gepleşiklerden haýsydyr bir anyk netije bolar diýip pikir etmeýändigini aýtdy. "Hawa, biziň pozisiýalarymyz çapraz, ýöne bu biziň ylalaşyp bilmejek elementlerimiziň we ugurlarymyzyň ýokdugyny aňlatmaýar" diýip, ol Orsýetiň “Dožd” telekanaly bilen söhbetdeşlikde aýtdy.


Onuň sözlerine görä, bu ýerde wezipe “ýakyn birnäçe aýyň içinde ýa-da bir ýylda umuman bu meselede haýsy görnüşdäki dialogy çuňlaşdyryp boljakdygyny kesgitlemekden ybarat” boýunça gepleşikleri çuňlaşdyrmagyň haýsy görnüşlerde boljakdygyny kesgitlemekden ybarat.


ÝHHG-nyň häzirki ýygnagy bu ýyldaky ilkinji duşuşygy bolar we oňa 57 agza döwletiň hemmesi gatnaşar. Bu günbatarlylaryň rus goşunynyň serhet ýakasynda toplanmagy baradaky aýyplamalary bilen utgaşan agyr diplomatiýa hepdesinde geçirilen soňky ýygnak bolar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus