Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ Gazagystanyň KHŞG güýçlerini ýurtdan çykarmak baradaky kararyny gutlaýar

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ikinji gün Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň ruslaryň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň (KHŞG), köpçülikleýin bidüzgünçilikler sowlansoň, öz missiýasyny tamamlandygy barada aýdan sözlerini gutlady.


Bu habary düýn Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Ned Praýs berdi.


Prezident Tokaýew ýurtdaky ýagdaýyň durnuklaşmagy bilen, KHŞG güýçleriniň Gazagystandan çykarylmagynyň iki günden başlajakdygyny aýtdy.


"Bu etap tamamlanýança, KHŞG-nyň parahatçylyk güýçleri [Gazagystandan] yzyna çykarylýança, biz Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasyny we köpçülikleýin parahatçylyk güýçlerini, Gazagystanyň hökümetiniň haýyşy esasynda, halkara adam hukuklaryny we haýal etmän Gazagystandan çykmak baradaky borçnamalaryny berjaý etmäge çagyrarys” diýip, Ned Praýs döwlet departamentinde geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.


Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew rus ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň goşunlarynyň öňümizdäki iki günüň içinde ýurtdan çekilip başlajakdygyny 11-nji ýanwarda mälim etdi.


Tokaýew özüniň telewideniýede berlen parlament ýüzlenmesinde Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň goşun çykarmak işleriniň öňümizdäki 10 günüň içinde tamamlanjakdygyny aýtdy.


Gazagystanda dörän zorlukly tolgunyşygyň arasynda, gazak hökümetiniň çagyrmagy boýunça, KHŞG-nyň harby kontingenti Merkezi Aziýa ýurduna geçen hepde, 6-njy ýanwarda geldi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus