Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmen prezidentiniň Eýrana sapar etmegine garaşylýar

Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisi ýekşenbe güni Tähranda Türkmenistanyň prezidentiniň ýörite wekili Serdar Berdimuhamedow we daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşyp, iki ýurduň gatnaşyklarynyň ösüş ýolundadygyny, olaryň öz milletleriniň bähbidi üçin syýasy, ykdysady, medeni we jemgyýetçilik gatnaşyklarynda täsirli we peýdaly ädimler ätmekde aýgytlydyklaryny aýtdy diýip, IRNA 9-njy ýanwarda habar berdi.


Türkmen DIM-niň -8nji ýanwardaky habaryna görä, wise-premýerler S. Berdimuhamedowyň we R. Meredowyň ýolbaşçylygygyndaky wekiliýet Tähranda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary boýunça iş duşuşyklaryny geçirýär.


Türkmen wekiliýetiniň Eýranyň wise-prezidenti Mohsen Rezaýi, daşary işler ministri Hosseýn Amir Abdollahiýan bilen hem duşuşandygy habar berilýär.


Eýranyň nebit ministri Jawad Owji, ýol we şäher gurluşyk ministri Rostam Gasemi bilen geçirilen gepleşiklerde nebit-gaz, söwda-ykdysady we energetika ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada maslahat edildi.


Emma 8-9-njy ýanwarda geçirilen duşuşyklar barada Türkmen DIM-niň beren resmi habarlarynda iki ýurduň arasyndaky gaz söwdasy, eýran metbugatyndan mälim bolan töleg dawalary we olaryň mümkin bolan çözgüdi, şol sanda gaz söwdasynyň haçan dikeldiljegi barada hiç zat aýdylmaýar.


Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň başlygy Hassan Montazer Torbati golaýda, MEHR habar gullugynyň maglumatyna görä, Tähranyň türkmen gazynyň importyny dikeltmek isleýändigini aýtdy.


Emma türkmen resmileri bu beýanata göni ýa açyk reaksiýa bildirmediler. Muňa derek, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji ýanwarda geçiren hökümet mejlisiniň barşynda, anyklaşdyrmazdan, iki ýurduň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça iş duşuşyklaryny geçirmek baradaky karara gol çekdi.


Eýran mediasy iýun aýynda “Türkmengaz” bilen Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň arasyndaky arbitraž seljermesiniň tamamlanandygyny aýtdy, emma hiç tarap kararyň doly mazmunyny aýan etmedi.


Türkmenistan, goňşy ýurt bilen aradaky gaz tölegleri üstünde turan dawa esasynda, 2017-nji ýylyň ýanwarynda Eýrana gaz ibermegini bes etdi.


2018-nji ýylda taraplar bir-biriniň üstünden Halkara arbitraž kazyýetine şikaýat etdi.


Şu aralykda Eýranyň IRNA habar gullugynyň habar bermegine görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda taraplar Türkmenistanyň prezidentiniň ýakyn wagtda Eýrana etjek saparynda gol çekilmeli resminamalary öwrendiler.


Türkmen metbugaty G. Berdimuhamedowyň Eýrana etjek saparyna görülýän taýýarlyk barada häzirlikçe hiç zat aýtmaýar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus