Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gazak häkimiýetleri paýtagty "Nur-Soltan" diýip atlandyrmagy bes etdiler

Gazagystanyň häkimiýetleri resmi habarlarda ýurduň paýtagtyny "Nur-Soltan" diýip atlandyrmagy  bes etdiler. Indi olar iny "Gazagystanyň paýtagty" ýa-da diňe "paýtagt" diýen sözler bilen aňladýarlar diýip, "Dožd"  telekanaly Orda.kz neşiriniň žurnalisti Gulnara Bazkenowa salgylanyp habar berýär.


Onuň sözlerine görä, ýerli habar beriş serişdeleri Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň we onuň maşgala agzalarynyň köpçülikleýin nägilelikler wagtynda ýurtdan gaçandygyny habar berdi. Emma öňki prezidentiň metbugat sekretary altynjy gün bu aýdylýanlary ret etdi we onuň paýtagtda ýerleşýändigini ynandyrmaga çalyşdy.


Nazarbaýew 2-nji ýanwarda başlanan protestlerden bäri köpçülige çykmady. Şeýle-de, onuň adyndan hiç hili beýanat edilmedi. Şol bir wagtda, iş başyndaky prezident Kasym-Žomart Tokaýew 5-nji ýanwarda Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygy wezipesini öz üstüne alandygyny aýtdy, emma kanun esasynda bu wezipe ýogalýança Nazarbaýewe degişli bolmalydy.

 

Belarus lideri Aleksandr Lukaşenkonyň metbugat gullugy 7-nji ýanwar agşamy onuň Nazarbaýew bilen telefonda gürleşendigini habar berdi. "Gepleşik wagtynda söhbetdeşler Gazagystanyň ýagdaýyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar" diýip, BelTA habar berdi. Başga jikme-jiklikler aýdylmady.


Gazagystanyň paýtagty Astana 2019-njy ýylda, Nursultan Nazarbaýewiň hormatyna, Nur-Soltan ady dakyldy. Bu iş häzirki prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň teklibi bilen edildi. Häkimiýetleriň bu karary ýurduň köp raýatynda nägilelik döretdi. Paýtagtyň adynyň üýtgedilmegine garşy çykýanlar birnäçe şäherde tussag edildi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus