Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Russiýa Ženewa gepleşikleriniň öňüsyrasyndaky ABŞ yşaratlaryndan “lapykeç” bolýar

Rus resmileri 9-njy ýanwarda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçiriljek gepleşikleriň öňüsyrasynda Waşingtonyň we Brýusseliň eden yşaratlaryndan "lapykeç" bolandyklaryny aýtdylar. 


Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow Moskwanyň bu gepleşiklere umytly garamaýandygyny, sebäbi Birleşen Ştatlaryň Russiýadan birtaraply eglişikleri talap edýändigini aýtdy.


Ak tamyň resmileri amerikan we rus diplomatlarynyň 10-njy ýanwarda boljak "esasy duşuşyklaryny" geçirmezlerinden ozal, belki-de, 9-njy ýanwar agşamy Ženewada "başlangyç gepleşik" geçirjegini aýdýarlar.


Ženewada geçiriljek “Strategiki we howpsuzlyk gepleşiklerinden” soň, 12-nji ýanwarda Russiýa bilen NATO agzalarynyň maslahaty geçiriler. Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Wenadaky duşuşygy bolsa, 13-nji ýanwarda geçiriler. ÝHHG-a ABŞ, Ukraina we Russiýa hem girýär.


Duşuşyklar tapgyry Ukrainanyň serhediniň golaýynda rus goşunlarynyň ýerleşdirilmegi netijesinde ençeme hepde dowam eden gapma-garşylykdan mümkin soň boldy. Rus harby güýçleriniň serhet ýakasynda toplanmagy Moskwanyň Ukraina ýene hüjüm etmäge taýýarlanýan bolmagy baradaky alada-ünjileri güýçlendirdi.


Ak tamyň ýokary derejeli resmisi 8-nji ýanwarda Waşingtonda žurnalistlere "bu gepleşiklerde hiç bir berk borçnama bolmaz" diýdi. Ýöne bu resmi ABŞ resmileriniň bu gepleşikler arkaly "iň bolmanda ruslar bilen öňegidişlik gazanmak mümkinçiligini öwrenip bileris" diýip pikir edýändiklerini aýtdy.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus