Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistan TOPH taslamasynyň gurluşygyny dikeltmäge çalyşýar

Türkmen DIM-niň web sahypasy 8-nji dekabrda Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Kabulda iş saparynda bolup, bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy barada maslahat edendiklerini habar berýär. 


Hususan-da, "Talyban" hökümetiniň başlygynyň orunbasary Abdul Salam Hanafi, daşary işler ministriň orunbasary Şer Mohammad Abbas Stanikzaý, Magdan we nebit önümleri ministri Şahabuddin Delewar we beýleki resmiler  bilen duşuşyk geçirilendigi aýdylýar.  

 

Owganynstanyň TOLOnews habar gullugynyň maglumatyna görä,  Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi bilen baglanyşykly meseleleriň maslahatyna türkmen tarapyndan TOPH kompaniýasynyň başlygy Muhammetmyrat Amanow we beýleki resmiler gatnaşdy.


Neşir Magdan we nebit önümleri ministrliginiň resmilerine salgylanyp, owgan tarapynyň ýakyn wagtda TOPH taslamasynyň Owganystandaky gurluşygyny dowam etdirmek baradaky pikir bilen ylalaşandygyny aýdýar.


"Biz bu işi basym başlamaga synanyşarys we, ony durmuşa geçirmegiň birinji tapgyry şu ýylyň ikinji ýarymynda başlanar” diýip, Magdan we nebit önümleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Şahabuddin Dilawar aýtdy.


Bu gepleşikler türkmen-owgan serhedinde bolup geçen ýaragly çaknyşygyň yz ýanyna gabat geldi. Türkmen tarapy bu hili çaknyşygyň bolandygyny ret etse, "talyban" tarapy şondan Aşgabadyň dekabrda iberen gumanitar kömegi üçin minnetdarlyk bildirdi.


Hünärmenleriň käbiri, howpsuzlyk meselesinden başga, bu geçirijini gurlan ýagdaýyndaky ykdysady manysyny hem sorag astyna alýar. 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus