Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Ukrainanyň töweregindäki aladalaryň arasynda, Putin Sowet Soýuzynyň darganyna gynanýar

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagyny “taryhy Russiýanyň” ýykylmagy hökmünde suratlandyrdy. Ukrain serhedine golaý sebitlere onlarça müň rus goşuny toplanýan mahaly aýdylan bu teswir rus prezidentiniň daşary syýasat niýeti babatda dowam edýän gürrüňleri alawlandyryp biler.


“Sowet Soýuzynyň dargamagy taryhy Russiýanyň dargamagy boldy” diýip, Putin 12-nji dekabrda ýaýlyma berlen “Russiýa: ýakyn taryh” atly dokumental filmde SSSR-iň dargaýşyny ýatlady.


Sowet KGB-siniň öňki agenti bolan Putin ozal hem Sowet Soýuzynyň darganyna gynanyp, ony “XX asyryň iň uly geopolitiki betbagtçylygy” atlandyrypdy.


Ýöne Putiniň dokumental filmde aýdan teswirleri onuň Sowet Soýuzynyň dargamagyna Russiýanyň güýjüniň weýran bolmagy hökmünde garaýandygyny açyp görkezýär.


Onuň dokumental filmde aýdan teswirleri Günbatar bilen Russiýanyň arasyndaky dartgynlyklaryň ýokarlanýan wagtyna gabat gelýär.


Moskwa 2014-nji ýylyň martynda Ukrainanyň Krym sebitini basyp alyp, bikanun anneksiýa etdi. Şeýle-de, Moskwa 2014-nji ýyldan bäri gündogar Ukrainada 13 müň 200 adamyň ölümine getiren konfliktde separatistleri goldaýar.


Üstesine, Günbatar soňky hepdelerde Russiýany, eýýäm öňümizdäki aýyň başlarynda Ukraina garşy başlamagy ahmal çozuşlara giriş hökmünde serhede golaý sebitlere goşun toplamakda aýyplady.


12-nji dekabrda “Ýedilik topara” girýän ýurtlar (G7) Ukraina hüjüm etmegiň agyr netijeleriniň boljakdygyny Moskwa duýdurdy.


Rus resmileri ýurduň çäginde öz goşunlaryny islendik ýere göçürmäge özleriniň hukugynyň bardygyny aýdyp, hüjüm taýýarlygyny ret edýärler. Gaýtam Moskwa, Kiýewi hem-de NATO-ny gündogar tarapa giňemäge synanyşmakda aýyplaýar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus