Baýden Polşa – Belarus serhedindäki ýagdaý “uly alada” diýýär
“Biz bu örän uly alada diýip pikir edýäris. Biz öz aladalarymyzy Russiýa aýtdyk, biz öz aladalarymyzy Belarusa aýtdyk” diýip, Baýden 12-nji noýabrda žurnalistlere aýtdy. “Biziň pikirimizçe bu problemadyr” diýip, ol belledi.
Baýdeniň belliklerinden birnäçe sagat ozal, wise-prezident Kamala Harris Fransiýa amala aşyrýan saparynyň dowamynda birmeňzeş aladalary beýan etdi.
ÝB liderleri Minski “gibrid uruş” taktikalarynda aýyplaýarlar. Olar geçen ýyl geçirilen dawaly saýlawlardan bäri özge pikirleri ýowuzlyk bilen basyp ýatyrýan awtoritar Akensadr Lukaşenka režimine garşy girizilen sanksiýalardan ar almak üçin, Minskiň garyp ýurtlardan migrant getirip, olary serhede itermekde aýyplaýarlar.
12-nji noýabrda birnäçe awiakompaniýa migrant akymyny togtatmak üçin Türkiýe bilen Minsk arasyndaky uçar gatnawlaryna elýeterliligi çäklendirjekdigini aýtdy.
Öz ýarany Belarusyň günbatar serhedinde bilelikde harby tälim-türgenleşiklere girişen Russiýa Polşanyň serhedinden 10 kilometr töweregi aradaşlykda özüniň bir desantçysynyň ölendigini aýtdy.
13-nji noýabrda Polşanyň polisiýasy bir gün ozal Belarus serhedine golaý sebitde bir siriýaly adamyň jesediniň tapylandygyny aýtdy. Bu, Polşa – Belarus serhet krizisi başlanaly bäri habar berlen 11-nji migrant ölümi bolýar.