Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Putin: ABŞ-nyň we NATO-nyň Gara deňizdäki hereketleri Russiýa üçin “çynlakaý töwekgelçilik”

Prezident Wladimir Putin ABŞ-nyň we NATO-nyň Gara deňizdäki hereketleri Russiýa üçin “çynlakaý töwekgelçilik” döredýär diýdi. Russiýa 2014-nji ýylda Krymy bikanun anneksiýa edeli bäri, sebitde goşmaça deňiz hukuklaryny talap edip gelýär.


Şu hepde amerikan media serişdeleri ABŞ resmileriniň bolmagy ahmal rus hüjümleriniň töwekgelçiligi barada ýewropaly ýaranlaryna duýduryş berendigini öňe süreli bäri, Putin 13-nji noýabrda beren beýanaty bilen, soňky 24 sagatdan hem az wagtyň dowamynda, Gara deňiz sebitindäki Günbatar harby güýçlerine  ikinji gezek üns çekdi, hem-de Waşingtony dartgynlylygy möwjetmekde aýyplady.


“Birleşen Ştatlary we onuň NATO-daky ýaranlary Gara deňizde öňünden meýilleşdirilmedik tälim-türgenleşikleri geçirýärler” diýip, Putin “Westi” döwlet kanalynda aýtdy.


“Bu tälim-türgenleşiklere diňe bir iri deňiz toparlary däl, eýsem, awiasiýa, şol sanda strategik awiasiýa hem gatnaşýar. Bu biziň üçin çynlakaý töwekgelçilik” diýip, Putin aýtdy.


Onuň haýsy tälim-türgenleşiklere salgylanýandygy aýdyň däl, ýöne NATO soňky dört aý töweregi wagt bäri Gara deňizde iri tälim-türgenleşikleri geçirdi.


Geçen hepde ABŞ resmileri Russiýanyň Ukraina serhedine golaý çäklerdäki hereketlerine howatyrlanma beýan etdi. Ol sebitlerde Russiýa goldawly separatistler ýedi ýyl bäri dowam edýän çaknyşykda giň territoriýa gözegçilik edýärler.


Döwlet sekretary Antoni Blinken Russiýa Ukraina babatda “çynlakaý ýalňyşy” gaýtalamazlygy duýdurdy. Waşington serhede golaý çäklerdäki rus goşun hereketleri barada maglumat isledi. Pentagon rus goşun hereketlerini “ululygy we gerimi boýunça adaty däl” atlandyrdy.


Şeýle aladalary 12-nji noýabrda ÝB resmileri hem gaýtalady. Olar ABŞ we britan ýaranlary bilen bilelikde ýagdaýy synlaýandyklaryny aýtdylar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus