Мы в Telegram
Добавить новость

У Филиппа Киркорова завершилось строительство нового дома в Московской области

Переменная облачность и до 14 градусов тепла ожидаются в Москве 5 мая

В России выросла стоимость жилья в новостройках после старта льготной ипотеки

Захарова: на враждебные действия Прибалтики Москва ответит экономическими мерами



World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Habarçy: Döwlet dükanynda 'gutaran' çörekler aşakdan, haltalap satylýar

Habarçy: Döwlet dükanynda 'gutaran' çörekler aşakdan, haltalap satylýar

Maryda daňdan çörek nobatyna durup, çörek alyp bilmeýän adamlar, öz sözleri bilen aýtsak, satyjylar bilen polisiýa işgärleriniň arasynda ýola goýlan 'özara peýdaly' hyzmatdaşlygyň üstüni açyp, dükandan alyp bilmedik çöreklerini mallar üçin iým satylýan ammardan satyn almagy öwrendiler. Ýylda bugdaý planyny 'dolduryp', azyk howpsuzlygyny 'üpjün edendigini' aýdýan prezident Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdeleriniň gurluşyklara gönükdirilmegine rugsat berdi. Synçylar ýurtda giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýany hakyky azat bazar ykdysadyýetine  geçilmezligi bilen baglanyşdyrýarlar.

Redaksiýa 24-nji oktýabrda gelen maglumata görä, Mary şäherindäki çörek gytçylygy ýitileşýär we mundan bir aý öňem her döwlet dükanynda çäkli möçberde satylan çörek indi adamlaryň bilmeýän dükanlarynda satylýar.

Azatlygyň habarçylary çörek gytçylygynyň arasyndaky galplyklar barada ozalam habar beripdiler.

Adamlar öň çörek üçin öz ýaşaýan ýerlerine degişli dükanlara baryp, nobata durardylar, indi olar satyjylardan “bizde çörek ýok, bize döwlet bahasyndan berilýän azyklar gelenok” diýen ýaly sözleri eşidýärler.

Döwlet nyrhyndan satylýan çöregi nireden alyp boljagy baradaky soraglaryna “bilmedik” diýen jogaby alan alyjylar bir-bileri bilen habarlaşyp, çöregiň nirede satylýandygyny anyklaýarlar; ir sagat 5-6 aralygynda gutarýan çörek indi şäheriň sanaýmaly dükanynda satylýar diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Şol bir wagtda, ýerli habarçymyzyň anyklan maglumatlaryna görä, çörek satylýan döwlet dükanlarynyň hersine ir sagat 4:30-da 400 sany çörek gelýär.

Emma alyjy gaty kän, dükanlarda nobatda duranlaryň sany 100-den geçýär, adam başyna ikiden berilýän çöregiň her biri 2 manatdan satylýar, ýöne jemi 70-80 adam çörek alansoň, gelen çöregiň gutarandygy aýdylýar diýip, çörek gytçylygynyň soňky “syrlaryny” açan habarçy aýtdy.

Nobata durýan adamlaryň habarçy bilen aýry-aýrylykda eden gürrüňlerinde aýtmaklaryna görä, çörek ýetmeýän adam kän we, munuň bir sebäbi dükan satyjylarynyň we hukuk goraýjylaryň galplygy bilen baglanyşdyrylýar.

Şaýatlaryň tassyklamagyna görä, döwlet dükanynyň arka ýüzünden satylýan çörek nobatyna 3 sany polisiýa eşikli, 4 sany raýat eşikli hukuk goraýjy gözegçilik edýär; polisiýa ofiserleri nobatyň bozulmazlygyna seretse, raýat eşikli resmiler nobata duran adamlaryň surata düşürilmezligine ýa wideo ýazgy edilmezligine gözegçilik edýär.

Azatlygyň habarçysy nobata duran aýallaryň biriniň galmagal edip, çörek alşyna hem şaýat boldy.

“Hol gün edaramyzda ýygnak edip, biziň ýurdumyz baý, ilatyň gowy we bol ýaşamagy üçin alada edilýär, ýetişdirilýän pagta, bugdaý, şeker we ýyladyşhanada öndürilýän önümler daşary ýurtlara eksport edilýär diýdiler; biz ösen ýurtda ýaşaýarys diýip aýtdylar. Emma biz gije ýatman nobata dursak-da, çörek ýetmeýär” diýip, bir aýal sesini gataldyp aýtdy.

“Bu nähili bolýar, men şu gün çörek almasam, şu ýerden hiç ýere gitjek däl” diýip, ol aýal gaharly gürledi. Döwlet dükanynyň satyjysynyň kömekçisi ylgap gelip, ony koşeşdirdi we: “Men özüme aýryp goýan 2 çöregimi bereýin, siz şolary alaýyň, gelneje” diýip, oňa duran ýerinde çörek satdy.

Ýagdaýdan habarly adamlaryň gürrüň bermeklerine görä, nobata gözegçilik edýän hukuk goraýjylar her gün dükana 400 çöregiň gelýändigini we olaryň bary-ýogy 160-180 sanysyny ilata satylyp, galanynyň gizlenilýändigini gaty gowy bilýärler.

“Çörek gutardy” oýny hukuk goraýjy işgärleriň göz ýummagynda oýnalýar, olar nobata duran adamlary dargatmaga kömekleşip, öz işini eden adam bolýarlar. Çöregiň gutarandygyny aýdan satyjylar dükanyň agzyny gulplap, bir ýere giden bolýarlar we sagat 8:30-da gelip, gaýtadan dükany açýarlar we nobatçylyk eden hukuk goraýjy işgärleriň ulaglaryna haltalara salnan çörek paýlaryny ýükleýärler diýip, habarçy aýtdy.

Şondan soň dükana “Forland” kysymly kiçi ýük ulagy gelip, 3-4 halta çörek alyp gidýär. Bu ulagyň yzyny çalan adamlaryň aýtmagyna görä, ýük maşynyň sürüjisi döwlet dükanyndan alan çörekli haltalaryny eltip, mallar üçin iým satylýan ammara tabşyrýar.

Çörek gytçylygynyň döreden täze ‘biznesi” bilen içgin gyzyklanan ýaşaýjynyň tassyklamagyna görä, her gün diýen ýaly döwlet dükanyndan haltalap çörek alyp gaýdýan sürüji her çöregi 2,5 manatdan satýar. Habarçynyň çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, iým ammarynyň satyjylary bu çörekleri mallaryna iým sorap gelen adamlara 3 manatdan satýar.

Dükanlarda “gutaran” çöregiň iým ammaryna satylýandygyny eşiden adamlar, eger çörek alyp bilmeseler, ammara gelip, iým üçin satylýan çörekden almaly bolýar diýip, habarçy aýtdy.

Mundan başga, hukuk goraýjy işgärleriň arasynda hem öz nobatçylyk çekýän dükanyna 2 manatdan bahasyny geçirip, öýde mal bar diýip, çörek alýanlar bar. Un gytçylygy, ammarlardaky bugdaýyň azalmagy bilen, hukuk goraýjylary göz ýummagynda edilýän çörek biznesi adamlaryň ýagdaýyny has-da kynlaşdyrýar diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy habar berdi.

Şu aralykda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň “Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini maýa goýum hökmünde gönükdirmegiň Tertibini tassyklamak hakyndaky” karara gol çekdi.

Wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň teklip eden taslamasyna laýyklykda, gurulýan we täze guruljak binalary nazara alyp, Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini karz edaralarynyň depozit hasaplaryna geçirmek bilen, orta we uzak möhletli karz bermek göz öňünde tutulýar.

22-nji oktýabrda geçirilen mejlisde 2008-nji ýylda döredilen gaznanyň ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna oňyn täsirini ýetirendigi bellendi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Борющаяся за право вернуться в Якутию британка о жизни в Ирландии и в Закавказье

Екатеринбург вошел в десятку городов с высоким качеством жизни

Фестиваль «Московская весна» стартует на 27 площадках столицы

Новый поезд в Крым запустят с 25 мая через Воронеж

Музыкальные новости

Учащиеся класса Росгвардии приняли участие в военно-патриотической игре "Зарница 2.0" в Зеленогорске

Галина Янко: главные традиции и приметы Пасхи

В поселке Калининец состоялся этап Чемпионата и Первенства Москвы и МО по кроссу «Кубок Kramar Motorsport»

"Краснодар" уступил "Ахмату" и не смог обогнать "Зенит" в чемпионате России по футболу

Новости России

Новый поезд в Крым запустят с 25 мая через Воронеж

«Попрошайка»: Киркоров унизил Успенскую в эфире шоу

Гинеколог Гончарук рассказала, чем можно заразиться в общественном туалете

Джоан Роулинг захотела написать еще шесть книг

Экология в России и мире

Неделю с 6 по 12 мая 2024 года Министерство здравоохранения Российской Федерации объявило Неделей сохранения здоровья легких

Работники СЛД «Узловая» филиала «Московский» ООО «ЛокоТех-Сервис» приняли участие региональном этапе «Время молодых. Работники»

Сериал «Нулевой пациент». Почему повторение истории в наши дни невозможно?

Доля свободных площадей в ТЦ Москвы к лету может сократиться до 6 процентов

Спорт в России и мире

ATP представила новые правила парного тенниса

Свентек выиграла титул WTA в Мадриде

«Титул, которым я горжусь больше всего»: Рублёв одолел Оже-Альяссима и выиграл второй турнир серии «Мастерс» в карьере

Рублев о победе на "Мастерсе" в Мадриде: у меня нет слов

Moscow.media

Беспроводной сканер штрих-кодов SAOTRON P05i промышленного класса

В деле о гибели 6-летнего мальчика, находившегося под опекой в Екатеринбурге, появился второй фигурант

Эффективная логистика для строительства: советы «Грузовичкоф»

Красный пляж в Китае: загорать нельзя, можно только любоваться











Топ новостей на этот час

Rss.plus






Tencent: в Китае поразились поведению Лукашенко в Кремле и улыбке Путина

Джоан Роулинг захотела написать еще шесть книг

«Попрошайка»: Киркоров унизил Успенскую в эфире шоу

Екатеринбург вошел в десятку городов с высоким качеством жизни