Мы в Telegram
Добавить новость

Мосгорсуд 8 мая рассмотрит жалобу на арест замглавы Минобороны Иванова

Тендер на благоустройство зоны отдыха объявили в Химках

Никогда не верила в крупные победы: жительница Подмосковья дважды выиграла в «Национальной Лотерее» по миллиону рублей

КДК: Казарцев правильно дал Дуарте жёлтую карточку в матче с ЦСКА

World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkiýedäki türkmen aktiwistlerine basyş artýar

Türkiýedäki türkmen aktiwistlerine basyş artýar

Türkmenistanda dünýäde iň repressiw hökümetleriň biri hereket edýär.

Ýurduň içinde hökümete garşy duýga ýol berilmeýär we teswirleri prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň režimini sähel bolsa-da tankytlaýan ýaly hasaplanýan adamlar dessine sem edilýär.

Olaryň käbirlerinden hiç haçan habar-hatyr bolmaýar.

Muňa garamazdan, soňky ýyllarda Türkmenistanyň daşynda ýaşaýan türkmenler has köp öz pikirlerini beýan edip başladylar. Olaryň käbiri ABŞ-da, Ýewropanyň birnäçe ýurdunda, Russiýada, Türkiýede we Demirgazyk Kiprde Berdimuhamedowyň hökümetine garşy aç-açan çykyş etdiler.

Emma Türkiýedäki şol aktiwistleriň käbiriniň pikiriçe, indi türkmen hökümeti olary dymdyrmaga synanyşýar.

Asly Türkmenistanyň günbataryndaky Lebap welaýatyndan bolan 30 ýaşly Dürsoltan Taganowa Türkiýede hökümete garşy aktiwistleriň arasynda iň tanalýan birine öwrüldi we bu şöhrat oňa gymmada düşdi.

Taganowa 26-njy sentýabrda "[sagat 5:15-de türk polisiýasy] öýüme gelip, nirededigimi sorady. Şol gün men öýde däldim" diýip, Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda aýtdy.

"Soň meni polisiýa bölümine çagyrdylar ... Men eýýäm şonda bir zat bolanyna düşündim" diýip, ol sözüne goşdy.

Taganowa ol ýere baranda, aktiwiste onuň tussag edilmeli we deportasiýa merkezine iberilmeli adamlaryň sanawynda bardygyny habar berdiler.

Taganowa şeýle ýagdaýy ilkinji gezek başdan geçirmeýär we ol ýene-de Türkmenistana iberilmek ähtimallygyndan alada etmeli boldy. Her näme-de bolsa, ol 29-njy sentýabrda boşadyldy.

Taganowa “Türkmenistanyň demokratiki saýlawy” (DWT) oppozisiýa toparynyň agzasydyr. Bu topar 2020-nji ýylyň tomsunda häzirki wagtda Fransiýada ýaşaýan türkmen telekeçisi Myrat Gurbanow tarapyndan döredildi.  DWT-niň agzalaryny daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenler, esasan migrant işçiler emele getirýär.

Taganowa Azatlyga beren maglumatynda özüniň polisiýa tarapyndan tussag edilmeli we deportasiýa merkezine iberilmeli adamlaryň sanawynda duran 25 adamyň biridigini aýtdy. "Türkmen aktiwistleriniň hemmesi, olaryň işjeň çykyş edýänleri tussag edilipdir" diýip, ol belledi.

Taganowa Azatlyga özüniň we beýleki dissidentleriň Türkmenistandaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak üçin sosial ulgamlarda gündelik onlaýn ýygnak gurnandygyny aýtdy.

"Her gün wideo edip, Türkmenistanda edilýän basyşlar ýa-da kanunsyzlyk barada, korrupsiýa barada öz pikirimizi watandaşlarymyzyň arasynda paýlaşyp başladyk" diýip, ol aýtdy.

Taganowa öz programmasyna 20000-25000 abunaçysynyň bardygyny we her gün takmynan 6000-7000 töweregi adamyň özüniň we beýleki türkmen aktiwistleriniň öz ýurtlary barada aýdýanlaryna tomaşa edýändigini we diňleýändigini aýtdy.

Bu, türkmen resmileriniň ýigrenýän köpçülik öňündäki kommetariýanyň bir görnüşidir.

Türkmen hökümeti öz raýatlaryna, onuň sözlerine görä, Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda gazanan ajaýyp üstünlikleri we dünýäniň Merkezi Aziýa ýurduna nähili göriplik edýändigi barada habar berip, ýurduň içindäki maglumatlary üns bilen gözegçilikde saklaýar.

Şeýle öwgüli sözler, ýurt raýatlary çörek we ösümlik ýagyny satyn almak üçin dükanlaryň, şeýle-de nagt pul almak üçin bankomatlaryň öňünde uzyn nobatlary emele getirýän mahaly, Türkmenistandaky hakykaty o diýen şöhlelendirmeýär.

Işsizligiň 60 göterime golaýdygy çaklanylýan we Berdimuhamedowyň maşgalasynyň milliardlarça dollar ogurlandygy öňe sürülýän Türkmenistanda käbir adamlar satmak ýa-da iýmek üçin bir zat tapmak üçin zibil taşlanýan çelekleri dörmäge mejbur bolýar.

Türkmenistanyň ýüzlerçe müň raýatynyň migrant işçi hökmünde beýleki döwletlere gitmegine ýurtda derekli işiň ýoklugy sebäp bolýar. Türkmen häkimiýetleri ýurduň içindäki oppozisiýany saklap bilse-de, soňky ýyllarda Türkmenistanda ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy bilen migrant işçileriň arasyndaky gapma-garşylyk barha artýar.

Taganowanyň türkmen hökümetine aç-açan garşylygy koronawirusyň dünýä ýaýramagyndan gysga wagt soň başlandy we häkimiýetleriň ýurtda COVID-19 hadysasynyň ýokdugy baradaky täsin öňe sürmesi bilen möwjedi.

Ol we başga-da 80 aktiwist koronawirus karantin düzgünini bozandygy üçin 2020-nji ýylyň 19-njy iýulynda Stambuldaky türkmen konsulhanasynyň daşynda tussag edildi. Şonda bu topar türkmen hökümetiniň koronawirusyň Türkmenistanda hasaba alynmandygy baradaky öňe sürmesine nägilelik bildirýärdi.

Tutulanlaryň tas hemmesi şol güni boşadyldy. Ýöne pasportynyň möhleti gutaran Taganowa saklandy.

Ol deportasiýa merkezinde üç aýa golaý wagt geçirdi we geň galdyryjy zat, Taganowa hökümet pandemiýa sebäpli ýurda gelýän ýa-da ýurtdan gidýän uçar gatnawlarynyň ählisini togtadandygy sebäpli Türkmenistana iberilmekden halas bolan bolup biler.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän guramalar Taganowanyň ýagdaýy barada habarly boldular we 2020-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Human Rights Watch guramasy adam hukuklaryny goraýjy 11 guramanyň beýanatyny ýaýradyp, türk häkimiýetlerini Taganowany Türkmenistana ekstradisiýa etmezlige çagyrdy.

Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça müdiri Hug Williamson "Türkmenistanyň hökümetiniň parahatçylykly tankytçylara güýçli azar berýändigi we jezalandyrýandygy mälim" - diýip, belledi we şeýle diýdi: “Dursoltan Taganowany Türkmenistana gaýtarmak, onuň yzarlanmagyna we gynamalara sezewar bolmagyna getirer".

Taganowa şol gün boşadyldy we deportasiýa merkezinde mahaly, Türkiýede gaçybatalga sorap bildi.

Häzir ol Türkiýede kanuny görnüşde ýaşaýar, ýöne ol 2020-nji ýylda tussag edileli bäri onuň durmuşynda köp üýtgeşiklikler boldy.

Taganowa dogduk mekany Lebap welaýatynda türkmen häkimiýetleri tarapyndan kemsidildi. Taganowa Türkiýede tussaglykdan boşadylandan soň, Türkmenistanyň jemgyýetçilik we aýallar guramalarynyň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň we prokuraturanyň ýerli wekilleri ony  garalamak üçin welaýatyň administratiw merkezi Türkmenabat şäherinde we beýleki şäherlerde köpçülikleýin ýygnaklary geçirdi.

Ol ýakynda Azatlyga beren interwýusynda "Birnäçe aý mundan ozal meni [türk] migrasiýa gullugyna çagyrdylar we "Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar birneme çylşyrymly, şonuň üçin protestleri we ýygnaklary bes ediň" diýip duýduryş berdiler" diýdi.

Taganowa migrasiýa gullugynda özüniň hiç hili protest çäresini gurnamaýandygyny, ýöne Türkmenistandaky syýasaty ara alyp maslahatlaşmak üçin sosial media arkaly beýlekiler bilen çykyş edendigini aýtdy.

"Olar maňa onlaýn çykyş etmegi gadagan etdiler" diýip, ol sosial ulgamlarda Türkmenistandaky adalatsyzlyk we korrupsiýa barada gürrüň etmegi dowam etdirýändigini we sentýabr aýynda tussag edilende "[türk resmileri tarapyndan çykyşlar barada] beýle duýduryşlaryň edilmändigini" aýtdy.

Taganowa Türkiýede kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan ýeke-täk türkmen oppozisiýa aktiwisti däl. 11-nji oktýabrda Stambulda üç sany türkmen aktiwistine hüjüm edildi. Aziz Mamedow, Nurmuhammed Annaýew we özüni diňe Bagtiýar diýip atlandyran üçünji adam yzarlandy, soňra bolsa bäş adam tarapyndan gabawa alnyp hüjüm edildi we urlup-ýenjildi.

Bu üç adam bu wakanyň arkasynda türkmen Howpsuzlyk ministrliginiň bardygyna ynanýar. Annaýew Azatlyga: "Meniň üstüme topulanlaryň biriniň Lebap dialektinde sögünenini bilýän" diýdi.

Mämmedowyň ýüzüne agyr zarba urlupdyr we burny döwüldi. Annaýewiň çep eli ýaralanyp, onuň telefony we dokumentli sumkasy elinden alyndy, Bagtyýar atly oglanyň kellesine şikes ýetdi.

Nurmuhammet Annnaýewiň sözlerine görä, şol günüň dowamynda hüjümiň öňýany aktiwistleriň günbatar neşiriniň žurnalistleri bilen duşuşygy bolup, interwýu geçirilipdir we soňra internetde göni efirde onuň çykyşy bolupdyr. Annaýew ÝHHG-niň Adam hukuklary boýunça Warşawada geçiriljek ýyllyk çäresine gatnaşyp, türkmen režimini tankytlamagy hem planlaşdyrýardy.

Başga bir hadysada, 1-nji awgustda Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň öňünde nägilelik ýörişini geçirjek bolan aktiwistleriň uly bolmadyk toparyna näbelli adamlar tarapyndan hüjüm edildi. Aktiwistler olaryň konsulhananyň işgärleri tarapyndan hakyna tutulandygyny öňe sürýärler.

Bir aktiwist golundan we garnyndan pyçaklanan mahaly, beýlekisiniň gapyrgasyna şikes ýetdi. Aktiwistleriň onusy Stambulyň deportasiýa merkezine äkidildi we soň boşadyldy.

Türkmen aktiwisti Farhad Durdyýew 1-nji awgustda nägilelik ýörişine barýarka, konsulhanadan takmynan 400 metr uzaklykda iki sany türkmen tarapyndan saklandy we Lebapda ulanylyşy ýaly "LB döwlet belgili" awtoulagda mündirildi we konsulhananyň meýdançasyna eltildi. Durdyýew Azatlyga beren maglumatynda konsulhananyň içinde ýenjilendigini we haýbat atylandygyny aýtdy.

Bu aralykda, Türkmenistanda döwlet tarapyndan goldanýan ýaly görünýän bloggerler daşary ýurtlarda ýaşaýan oppozisiýa aktiwistleriniň maşgala agzalary bilen söhbetdeşlik geçirdi. Durdyýewiň ýagdaýynda, blogçy diýilýänleriň biri onuň ejesi bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde ol oglunyň dissident bolmakda alyp barýan "ýalňyş ýoluna" gynanç bildirdi.

Türkiýedäki türkmen aktiwistlerine duýdansyz üns berilmeginiň sebäplerini çaklamak kyn däl. Türkmenistan Berdimuhamedowa ýakyn saýlananlaryň birnäçesiniň başarnyksyzlygy we ýalňyş dolandyrylmagy sebäpli çynlakaý çökgünlikde. Bu ýagdaýy Türkmenistanyň daşyndaky, şol sanda Türkiýedäki aktiwistler daşarky dünýä takyk suratlandyrýarlar.

*Makalada öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişli bolup, olar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny aňlatman biler.

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Тендер на благоустройство зоны отдыха объявили в Химках

Губернатор Подмосковья сообщил о планах досрочно завершить ремонт бассейна в Селятино

Мосгорсуд 8 мая рассмотрит жалобу на арест замглавы Минобороны Иванова

Каждый пятый опрошенный россиянин передумал брать кредит из-за возможного увеличения долговой нагрузки в 2024 году

Музыкальные новости

Сергей Трофимов выступит с летним концертом в Зеленом Театре ВДНХ

Школьники могут принять участие в конкурсе видеороликов «Байкал без пластика»

Тренер "Спартака" Слишкович заявил, что доволен ничейной игрой против ЦСКА

В "Локомотиве" иронично отреагировали на ничью в матче ЦСКА со "Спартаком"

Новости России

Губернатор Подмосковья сообщил о планах досрочно завершить ремонт бассейна в Селятино

Мосгорсуд 8 мая рассмотрит жалобу на арест замглавы Минобороны Иванова

ЦБ: банкам упростили механизм выдачи разрешения на вывоз иностранной валюты

КДК: Казарцев правильно дал Дуарте жёлтую карточку в матче с ЦСКА

Экология в России и мире

Шапки женские на Wildberries — скидки от 398 руб. (на новые оттенки)

Добраться до курортов Сочи станет этим летом намного дороже: озвучена причина и новые цены

Дом, милый дом: участки под строительство от компании Родные земли, цены, отзывы

Почему люди боятся обращаться к психиатру?

Спорт в России и мире

Камбэком обернулся матч вундеркинда из России перед стартом Еленой Рыбакиной в Мадриде

Линетт сыграет против Соболенко во втором круге турнира WTA в Мадриде

Арина Соболенко призналась в том, что не любит женский теннис

Вероника Кудерметова завершила выступление на турнире WTA в Мадриде

Moscow.media

В Екатеринбурге будут судить уроженца Армении, устроившего дорожный конфликт со стрельбой

Жёсткие экологические требования решат инновационные энерготехнологии

Сотрудники спецподразделений столичного главка Росгвардии окончили обучение в Центре профподготовки в Подмосковье

Мост в Лыткарино готовят к укладке асфальта











Топ новостей на этот час

Rss.plus






Тендер на благоустройство зоны отдыха объявили в Химках

Ефимов: В этом году на конкурсе «Московские мастера» впервые выберут лучших инженеров-проектировщиков

Мосгорсуд 8 мая рассмотрит жалобу на арест замглавы Минобороны Иванова

В Можайском округе объявлен конкурс на выполнение работ по борьбе с борщевиком