Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Özbegistan “Talyban” bilen söwda, energiýa, demirýol taslamalary barada gepleşik geçirýär

Özbek resmileri Owganystanyň talyban ýolbaşçylygyndaky hökümetiniň wekilleri bilen duşuşyp, söwda, serhet howpsuzlygy hem-de ynsanperwer kömegi barada maslahatlaşdy diýip, Özbegistanyň Daşary işler ministrligi aýtdy. 


Gepleşige gatnaşjak talyban delegasiýasy, yslamçy toparyň premýer-ministriniň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetirýän Abdul Salam Hanafiniň ýolbaşçylygynda, 16-njy oktýabrda Özbegiýanyň serhetýaka Termez şäherine geldi. 


Özbek delegasiýasyna premýer-ministriň orunbasary, şol bir wagtda-da ýurduň  maýa goýumlary we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow ýolbaşçylyk etdi. 


"Söwda we ykdysady gatnaşyklar, serhet howpsuzlygyny üpjün etmek, energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyk, halkara ýük gatnawlary we üstaşyr geçiş meseleleri" ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.


Duşuşygyň gün tertibinde Termezden Owganystanyň Mazari-Şerif we Kabul şäherleriniň üsti bilen Pakistanyň Peşawar şäherine çenli çekiljek  demir ýoluň gurluşygy baradaky mesele hem uly orun aldy diýip, beýanatda bellenýär. Owgan delegasiýa şol gün Kabula gaýdyp geldi.


Bu duşuşyk awgust aýynda ABŞ goşunlary ýurtdan çykandan soň Owganystandaky häkimiýeti gaýtadan ele geçiren toparyň diplomatik ykrarnama we  abanyp gelýän ynsanperwer betbagtçylygyň öňüni almak üçin kömek gözleýän wagtynda boldy.


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew geçen aý Nýu-Ýorkdam BMG-niň Baş Assambleýasynda sözlän sözünde öz ýurdunyň Owganystana nebit we elektrik ibermegini dikeldendigini aýtdy. "Owganystany çetleşdirmek we öz problemalary bilen başa-baş goýmak mümkin däl" diýip, Mirziýoýew aýtdy.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus