Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Rus DIM-niň başlygy: Maşgala nirede ýaşasa-da, garyşyk nikada doglan çagalara göni rus raýatlygy berler

Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Rus watandaşlarynyň Bütindünýä kongresinde Russiýanyň garyşyk nikaly çagalara awtomatiki usulda raýatlyk bermegi meýilleşdirýändigini aýtdy.


"Garyşyk nikaly maşgala nirede ýaşaýan-da bolsa, garyşyk nikadan doglan çaga haýsy ýerde, Russiýada ýa-da daşary ýurtda dünýä inse-de, biz onuň Konstitusiýa laýyklykda, awtomatiki usulda raýatlyk almalydygyna ynanýarys" diýip, Lawrow aýtdy.


Döwlet dumasynyň başlygynyň orunbasary Anna Kuznetsowa Lawrowyň inisiatiwasyny goldady. Onuň pikiriçe, rus raýatlygyny awtomatiki usulda almak "köp maşgala üçin peýdaly bolar we durmuşyň dürli meselelerini has aňsat çözmäge kömek eder".


"Çaga ulalansoň, özüniň haýsy döwletiň raýaty boljakdygyny özbaşdak kesgitläp biler" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.


Federasiýa Geňeşiniň halkara gatnaşyklary komitetiniň agzasy Sergeý Tsekow bu hili kanunçylyk  üýtgetmeleriniň hökümetden gelýändigini aýtdy. Şeýle-de ol  öz watandaşlarynyň, şol sanda Ukrainada we Belarusda ýaşaýan ildeşleriniň raýatlyk almagynyň ýönekeýleşdirmelidigini aýdýar.


Rus raýatynyň we daşary ýurtlynyň nikasynda doglan çaga kanun esasynda häzirem rus raýatlygyny ýönekeýleşdirilen görnüşde alyp bilýär, ýöne munuň üçin arza bermeli.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus