Мы в Telegram
Добавить новость

Сотрудники Росгвардии задержали автомобилиста  с наркотиками в Москве

Вице-президент АТОР Мурадян: спрос на отдых за границей в мае вырос на 35%

Синоптик Цыганков: май в Москве начнется с теплой погоды и небольших осадков

Винер заявил о попытках уничтожить художественную гимнастику

World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmen we özbek prezidentleriniň Owganystan babatyndaky düşünje duşuşygy

Türkmen we özbek prezidentleriniň Owganystan babatyndaky düşünje duşuşygy

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Özbegistana sapar edip, özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen gepleşikleri geçirdi. Aslynda, bu iki lider soňky döwür ençeme gezek özara duşuşdylar. Bu olaryň özara oturyp häzir regiondaky iň derwaýys meseläni: Owganystany maslahat etmegi üçin örän möhüm boldy.

Sebäbi Türkmenistan bilen Özbegistanyň ikisi-de özleriniň günorta goňşusy babatynda meňzeşräk syýasaty ýöredýärler. Olaryň biri Owganystanyň üsti bilen geçjek söwda ugurlarynyň ykdysady mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirýär.

5-nji oktýabrda geçirilen maslahatda prezidentleriň ikisi-de ýurtlarynyň “Owganystanyň halkyna” hemaýat bermegini dowam etdirjekdiklerini aýan etdiler.

Mirziýoýew Owganystandaky ýagdaýlaryň “regionyň howpsuzlygy we durnukly ösüşi” üçin uly täsiriniň bardygyny belledi.

Bu ýerde beýanatyň “durnukly ösüş” diýen ýeri has uly ähmiýete eýedir. Sebäbi hem Türkmenistanyň, hem-de Özbegistanyň uly bähbit görüp biljek proýektleriniň durmuşa geçmegi üçin Owganystandaky ýagdaýlaryň durnukly bolmagy, şeýle-de ýurduň başynda kim bolsa-da, olar bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy şertdir.

Türkmenistan üçin bu ýylda 33 milliard m3 türkmen gazyny akdyrmagy göz öňünde tutýan 1 müň 800 kilometrlik Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçiriji proýektidir.

Bu proýekti 1990-njy ýyllaryň aýaklarynda “Talybanyň” Owganystanyň aglaba sebitlerine gözegçilik eden döwri amala aşyryp boljak ýaly bolup görünse-de, soňky wagt Owganystandaky durnuksyz ýagdaý sebäpli ony umuman durmuşa geçirip bolmajakdygy öýdüldi.

Aşgabadyň “Talyban” babatyndaky häzirki tutumy Türkmenistanyň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň alyp baran syýasaty bolup durýar. Ýagny, şol döwür Aşgabat owgan syýasatyndan çetde durup, Türkmenistanyň ykdysady bähbitlerini ilerletmek üçin, häkimiýet başyndaky islendik güýç bilen işleşmäge taýýardy.

Pakistan TOPH proýektiniň amala aşmagyny isleýär. Yslamabadyň “Talyban” babatynda hem, beýleki islendik döwlete garanyňda, has uly täsiri bar.

Häzir dünýädäki gaz nyrhlarynyň rekord derejede ýokary bolmagynda galýan döwri, ýagny gazyň 1000 m3-nyň $1000 bahalanýan wagty, Türkmenistan TOPH proýektiniň öňe ilerlemegine sabyrsyzlyk bilen garaşýan bolmaly.

Proýekt bilen baglylykdaky sermaýaçylary we maliýe serişdelerini tapmak entegem mesele bolmagynda galýar. Üstesine-de Hindistanyň roly hem sorag astynda galýar. Soňky ýyllaryň dowamynda birnäçe gezek bolşy ýaly, Pakistanyň Hindistanyň gaz paýyna hem el goýmagy mümkin. (Häzirki ylalaşyga laýyklykda, Owganystan ýyllyk 5 milliard m3 gaz (bcm), Pakistan 14 bcm we Hindistan 14 bcm almaly).

Türkmenistan gazgeçirijiniň öz üstünden geçýän, Owganystanyň serhedine çenli böleginiň gurluşygyny tamamlandygyny aýdýar. Şol bir wagtda, geçmişde Aşgabadyň bu öňe sürmesine käbir şübheler hem bildirilipdi.

Emma häzir geçiriniň Türkmenistan böleginiň tamamlanandygyna çalym edýär. Iň azyndan, 2019-njy ýylda Russiýanyň Çelýabinskiý truboprokatnyý zawodyndan geçirijiniň segmenti üçin 219 million dollar harçlanypdy.

Özbek prezidenti Mirziýoýewiň hökümetiniň hem “Talyban” babatynda Nyýazowyň çemeleşişini ulanýandygyna meňzeýär.

Özbegistanyň ýagdaýynda soňky 15 ýylyň dowamynda Özbegistany we Owganystany baglanyşdyrýan infrastruktura proýektlerine ummasyz köp pul harçlandy.

Bu proýektleriň käbiri entek tamamlanmady, käbirlerine düýbünden girişilmedi. Emma bularyň ikisi, ýagny demirýol we täze elektrik geçiriji proýektleri Özbegistan üçin iňňän wajyp bolup dur.

Özbegistan demirýol arkaly demirgazyk owgan şäheri Mazar-e Şarif bilen baglydyr.

Hytaý eýýämden bu ugur arkaly Owganystana harytlaryny daşady, NATO hem özbek demirýollaryndan Ýewropa bilen Owganystanyň arasynda serişdelerini gatnatmak üçin peýdalandy.

Prezident Mirziýoýew iýuldan bäri Pakistanyň premýer-ministri Imran Han bilen iki gezek duşuşdy. Gepleşikleriň ikisiniň dowamynda-da demirýol liniýasyny Mazar-e Şarifden Kabula, soňra hem Peşewara uzaltmak barada gürrüň edildi.

Bu ýol Özbegistana, şeýle-de Aziýanyň we Ýewropanyň beýleki döwletlerine Pakistanyň Arap deňzindäki portlaryna aşmak mümkinçiligini berer.

Munuň netijesinde, iki tarap boýunça hem ýükleriň gatnawynyň artmagyna garaşyp bolar. Bu Özbegistana tranzit tölegleriniň üsti bilen goşmaça girdejileri getirer, şeýle-de Özbegistanyň 2018-nji ýylda owgan serhedinde guran uly Termez haryt merkezine harçlanan çykdajylary esaslandyrar.

Bular geljegiň proýektleri. Emma häzir hem Türkmenistan, hem-de Özbegistan 2001-nji ýyldan soň çekilen elektrik liniýalarynyň üsti bilen Owganystana elektik toguny eksport edýär. Şol bir wagtda, öňünden çaklanylyşy ýaly, häzir “Talyban” hökümeti pul ýetmezçiligini başdan geçirýär we elektrik togunyň import töleglerini töläp bilmeýär.

Aziýanyň ösüş bankynyň maglumatyna görä, Owganystandaky elektrik energiýasynyň 73%-i daşardan import edilýär. Muňa laýyklykda, toguň importunyň 57%-ni Özbegistan, 22%-ni Eýran, 17%-ni Türkmenistan we 4%-ni Täjigistan emele getirýär.

Owganystanyň elektrik importy üçin harçlaýan pullary barada dürli sanlar bar. Emma görnüşinden ýurt munuň üçin ýylda 300 million dollar töweregi çykarýar.

Muňa laýyklykda, Owganystana eksport edýän elektrik togy üçin Türkmenistan 51 million dollar, Özbegistan hem 171 million dollar töweregi girdeji alýardy.

Bu aralykda, Özbegistan özüniň günortasyndaky Surhon sebitinden Kabulyň demirgazygyndaky Pul-e Humri şäherine çenli uzaýan 500-kilowoltlyk elektrik liniýasynyň 260 kilometrlik böleginiň gurluşygyny alyp barýar. Munuň netijesinde, Özbegistanyň Owganystana elektrik tok eksporty 70% çemesi ýokarlanar.

Türkmenistandan elektrik energiýasy Owganystanyň demirgazyk-günbatar sebitlerine akýan bolsa, Özbegistanyň togy Kabula niýetlenendir.

Ýanwarda Özbegistanyň ençeme elektrik stansiýasy sandan çykanda, Kabul tümlüge bürelipdi. Şeýle-de 2019-njy ýylyň sentýabrynda “Talyban” elektrik transmissiýalarynyň iki sany kuwwat sütünini weýran edeninden soň, owgan paýtagtynda elektrik togunyň üpjünçiliginde uly bökdençlikler döräpdi.

Garaz, Owganystan özbek energiýasyna mätäç.

Golaýda The Wall Street Journal neşiri Owganystanyň döwlet energiýa kompaniýasynda energiýa importlaryna tölär ýaly 40 million dollar töweregi pulunyň galandygyny ýazdy. Munuň netijesinde, onuň merkezi aziýaly goňşularynyň Owganystana elektrik üpjünçiligini togtadyp biljekdigi hem aýdyldy.

Berdimuhamedowyň Özbegistana eden saparynyň dowamynda, iki ýurduň resmileri-de Owganystana elektrik eksportyny togtatmak barada planlarynyň ýokdugyny aýtdylar.

Türkmen we özbek hökümetleri öz ýurtlarynyň çäklerinde dini berk çäklendirmekde ýakasyny tanatdylar. Emma gazgeçiriji, elektrik liniýasy we demirýol ugurlary arkaly gelip biljek girdejiler, iki ýurduň hökümetini-de bu uly proýektler durmuşa geçende gazanyljak bähbitleriň “Talybanyň” dini ekstremizmine göz ýummagyna iteren bolmagy mümkin.

Özbegistanyň ýagdaýynda bu 7-nji oktýabrda özbek daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowyň Kabula eden saparynyň dowamynda hasam nygtalyp geçildi. Şonda ol we “Talyban” resmileri Surhon-Pul-e Humri elektrik liniýasynyň we Mazar-e Şarif-Kabul demirýol ugrunyň gurluşygyny maslahat etdiler.

Türkmenistany we Özbegistany beýleki Merkezi Aziýa goňşularyndan tapawutlandyrýan ýene bir ýagdaý bar.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Russiýa we Hytaý bilen serhet araçäkleri ýokdur. Bularyň ikisi-de has uly gerimde dünýä bilen baglary gurmak üçin günorta ýykgyn edýärler.

Bu ýurtlaryň “Talybany” hallamaýan bolmagy mümkin. Olar “Talyban” sözüni aýtmagyň deregine, “Owganystanyň hökümeti” söz düzümini ulanmagy hem saýlap alýarlar. Emma owgan toparyna çydamlylygyň görkezilmegi we onuň bilen gatnaşygyň gurulmagy, hem Türkmenistan, hem-de Özbegistan üçin uly girdejileri aňladyp biler.

Berdimuhamedow we Mirziýoýew muny açyk aýtmasalar-da, munuň olaryň üns merkezinden düşmändigini çaklasa bolar.

*Makalada öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişli bolup, olar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny aňlatman biler.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Губернатор Петербурга поблагодарил Путина за организацию выставки-форума «Россия»

В Кремле отметили ценность подвигов Рошаля в развитии здравоохранения в РФ

«Кина не будет»: во что превращаются кинотеатры Орла

Портативный ТСД корпоративного класса Saotron RT-T70

Музыкальные новости

Сергей Трофимов выступит с летним концертом в Зеленом Театре ВДНХ

Патрушев заявил, что нелегальная миграция связана с угрозами терроризма

Ведущие «Авторадио» исполнили в Кремле культовую песню о самой масштабной стройке XX века

Владимир Путин поздравил ветеранов с 50-летием начала строительства Байкало-Амурской магистрали

Новости России

Губернатор Петербурга поблагодарил Путина за организацию выставки-форума «Россия»

Винер заявил о попытках уничтожить художественную гимнастику

Заммэра Бирюков: отключение горячей воды в Москве начнется 14 мая

Самарский проект стал лауреатом Международного профессионального конкурса НОПРИЗ на лучший проект – 2023

Экология в России и мире

Врач-гигиенист сети клиник «Мегастом» Ольга Жидких: как правильно ухаживать на полостью рта и зубов

Радио Romantika приглашает погрузиться в мир киномузыки

По запросу Баку в Москве незаконно был задержан известный российский политолог Михаил Александров

Более 100 студентов посетило СЛД Курск в рамках акции «Неделя без турникетов»

Спорт в России и мире

Свёнтек: я чувствую, что с каждым годом получаю всё большую поддержку

Самсонова победила Осаку и вышла в третий круг турнира WTA 1000 в Мадриде

Мирра Андреева замыкает год // 16-летняя российская теннисистка успешно стартовала на крупном турнире WTA в Мадриде

Потапова проиграла Фернандес во втором круге турнира WTA в Мадриде

Moscow.media

Шапки женские вязаные на Wildberries, 2024 — новый цвет от 392 руб. (модель 466)

Тихий вечер...

Жёсткие экологические требования решат инновационные энерготехнологии

ТСД SAOTRON RT-T50: высокопроизводительный терминал сбора данных промышленного класса











Топ новостей на этот час

Rss.plus






Заммэра Бирюков: отключение горячей воды в Москве начнется 14 мая

Синоптик Цыганков: май в Москве начнется с теплой погоды и небольших осадков

Проекты из Ленинградской области победили в Международном профессиональном конкурсе НОПРИЗ на лучший проект – 2023

Вице-президент АТОР Мурадян: спрос на отдых за границей в мае вырос на 35%