Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Dmitriý Muratow we Mariýa Ressa Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna eýe boldular

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýeleri Russiýanyň "Nowaýa Gazeta" neşiriniň baş redaktory Dmitriý Muratow we Filippinlerden derňeýji žurnalist Mariýa Ressa.




Nobel komitetiniň beýanatynda aýdylyşy ýaly žurnalistler "demokratiýanyň we parahatçylygyň şerti bolan pikir azatlygyny goramak tagallalary" üçin bu baýragy aldylar.


Şu ýyl baýrak almak üçin 95 gurama we 234 adam ýüz tutdy, şol sanda Russiýanyň oppozisiýa lideri Alekseý Nawalny, belarus oppozisiýasynyň wekili Swetlana Tikhanowskaýa we Şwesiýanyň daşky gurşaw boýunça aktiwisti Greta Thunberg.


Dalaşgärleriň doly sanawy gizlin saklanýar we diňe 50 ýyldan soň ony çap edip bolýar. Baýragyň mukdary 10 million ýewro.


Geçen ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Azyk Maksatnamasy Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy bilen sylaglandy.


Nobel baýragy ilkinji gezek 1901-nji ýylda berildi. Soňra baýrak alanlaryň arasynda Şweýsariýaly telekeçi we Halkara Gyzyl Haç guramasynyň hakyky esaslandyryjysy Žan Anri Dunant we fransuz syýasatçysy hem parahatçylyk dörediji Frederik Passy boldular.


Umuman alanyňda, Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň taryhynda 107 adam (şol sanda 17 aýal) we 25 gurama boldy.


1901-2020-nji ýyllar aralygynda Parahatçylyk baýragy 101 gezek gowşuryldy. Baýrak gowşuryş komiteti 19 gezek mynasyp kandidat tapmady. 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus