Мы в Telegram
Добавить новость

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» спасает население от борьбы с перенаселением, 4 серия, СЕРЬЁЗНЫЙ НОВОСТНОЙ СЕРИАЛ.

Устроивший поножовщину в магазине в Москве перед этим напал еще на двоих

На востоке Москвы произошел пожар

Как отдыхаем в июне?

World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

COVID-19: Aşgabadyň morglary öýünde ölenleri kabul edip ýetişmeýär

COVID-19: Aşgabadyň morglary öýünde ölenleri kabul edip ýetişmeýär

Aşgabadyň hassahanalarynda, morglaryndaky we edara-kärhanalaryndaky ýagdaý ýurtda keseliň çalt ýaýraýandygyny we ölüm derejesiniň ýokarydygyny görkezýär. Näsaglaryň köpüsinde COVID-19-yň simptomlary bar, ýa-da kesel testler bilen tassyklaýar. Şu wagta çenli häkimiýetleriň keseliň bardygyny ykrar etmezligi, ilaty öz başyna düşýän kynçylyklary özbaşdak çözmäge mejbur edýär. Maryda jemgyýetçilik transportynyň ýatyrylmagy ilaty ulagdan mahrum etdi we pyýada ýöremäge mejbur etdi.

Aşgabadyň hassahanalarynda näsaglaryň akymy bilen baglanyşykly ýagdaý dartgynly bolmagynda galýar. Keselhana ýerleşip bilinmedik hassalaryň köpüsi öýde bejergi almaly bolýarlar. Bu ýagdaýda näsaglaryň öýde ýogalan halatynda goşmaça kynçylyklar ýüze çykýar. Azatlygyň habarçylary COVID-19-den öýünde ölenleri käwagt morglarda kabul etmekden ýüz öwürýändiklerini anykladylar.

Şeýle hadysalaryň birinde, öýünde ölen bir erkek adamy Çoganlydaky morgda kabul etmändirler we munuň sebäbini ýeriň ýokdugy bilen düşündiripdirler. Nyýazow adyndaky hassahana ony kabul etmek üçin aşa ýokary bahany talap edipdir. Netijede, ölen adamyň garyndaşlary ony "90-njy razýezd" diýlip bilinýän ýerdäki morga ýerleşdirmegi başarypdyr. Azatlyk Radiosy bu adamyň adyny we ýagdaýyň käbir jikme-jiklerini agzamakdan saklanýar.

Aşgabatda häzir käbir saglyk edaralarynyň iş tertibi üýtgedi. Hususan-da, Trawmatologiýa keselhanasyndan koronawirusly näsaglar aýryldy.

Bu aralykda, ýurtda koronawirusyň ýaýraýan wagtynda girizilen çäklendirmeler saklanýar. Berlen talaplaryň berjaý edilmegini üpjün etmek üçin ilata gözegçilik güýçlendirilýär.

19-njy sentýabrda Aşgabatda jaýlaryň ýylylygyny üpjün edýän edaranyň işgärlerine lukmançylyk barlagyndan geçmek tabşyryldy. Çeşmä görä, köpçülikleýin lukmançylyk barlagy 2-nji saglyk öýünde geçirilýär we çykdajylar gurama tarapyndan tölenýär.

Ýerli kärhanalar maskalaryň önümçiligini artdyrýarlar. "Bahar" dokma fabriginde öndürilýän maskalaryň gündelik plany tas iki esse ýokarlandy. Öňki plana görä, her işgär 400 sany maska öndürmeli bolan bolsa, indi 780 maska öndürmeli.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda Aşgabatda lukmançylyk edaralary we dermanhanalar köpçüligiň barýan esasy ýerleridir. Söwda, hyzmat we güýmenje desgalarynyň köpüsi ýapyklygyna galýar. Emma keselhanalardaky we dermanhanalardaky dyknyşyk ýerlerinde adamlaryň aralyk saklamagyna mümkinçilik ýok we bu keseliň ýaýramagynyň töwekgelçiligini döredýär.

Maryda adamlaryň üýşmeleňlerini azaltmak maksady bilen şu aýyň başynda girizilen çäklendirmeleriň biri jemgyýetçilik transportyň işiniň ýatyrylmagyna degişli boldy.

Azatlygyň ýerli habarçysynyň sözlerine görä, transport aragatnaşygy entek dikeldilmändir, ilat bu meselede uly kynçylyklary başdan geçirýär. Alternatiw ulag hökmünde köpler bahalary ep-esli ýokarlanan taksi hyzmatlaryndan peýdalanmaly bolýarlar. Emma ýaşaýjylaryň köpüsinde taksi almaga maddy mümkinçilik ýok we olar birnäçe kilometr aralygy pyýada geçmeli bolýarlar. Şeýlelikde, ilatyň ähli gatlaklary, esasanam garrylar we mekdep okuwçylary kyn ýagdaýy başdan geçirýärler.

"Çagalar mekdebe barmak üçin uzak ýöremäge mejbur bolýarlar, käbirleri üçin bu birnäçe kilometrlik ýoldur. Bular orta we başlangyç synp okuwçylary. Köplenç çagalar sapak wagtynda uklap galýarlar" -diýip ýerli çeşmeleriň biri Azatlyga gürrüň berdi.

Habarçylaryň habarlaryna görä, Mary şäherinde taksiniň bahasy 4-5 manat bolupdyr. Şeýlelikde, bir adamyň işe ýa-da mekdebe taksili gidip-gelmegi 10 manada düşýär. Köp adamda muňa maddy mümkinçilik ýetmeýär. Bahalaryň ýokarlanmagynyň we ilatyň girdejileriniň peselmeginiň fonunda köp maşgalada hatda ýeterlik azyk we derman satyn almaga serişdeleri ýok. Söwda we hyzmat desgalarynyň ýapylmagy zerarly ençeme adam girdeji çeşmelerini ýitirdi.

Sentýabryň başynda ýurduň mekdeplerinde sapaklar togtadylypdy, soň bolsa birden dowam etdirilipdi. Indi çagalara mekdebe gatnaşmak hökmany.

Azatlyk Radiosy bolup geçýän ýagdaýlar barada paýtagtyň we welaýatlaryň resmilerinden, şeýle hem ýurduň saglyk edaralaryndan resmi düşündiriş almaga synanyşýarlar. Azatlygyň ýüzlenmeleriniň ençemesi jogapsyz galýar. Türkmen resmileri, Türkmenistanda COVID-19-yň ýekeje hadysasynyň hasaba alynmandygy aýdylýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Союзники и партнеры России. Будет ли новая жизнь у Моста Дружбы

«Главный Советник» на выставке ГОСЗАКАЗ

Член профсоюза педагогов Казаков: в колледжах наиболее популярны IT-профессии

"Контракт" на выступление Канье Уэста в Москве назвали фейком

Музыкальные новости

Путин встретился с главой Ингушетии Калиматовым

В Подмосковье сотрудники Росгвардии задержали подозреваемого в краже товаров из магазина

Маленьким пациентам центра трансплантологии рассказали о тех, кто спасает их жизни каждый день

Почта России помогла маленькому жителю Перми встретиться с футболистами ЦСКА

Новости России

Росгвардейцы огнем из стрелкового оружия уничтожают беспилотники ВСУ

"Контракт" на выступление Канье Уэста в Москве назвали фейком

Глава PMI назвал бредом новость о выступлении Канье Уэста в Москве 8 июня

«Главный Советник» на выставке ГОСЗАКАЗ

Экология в России и мире

С чем носить брюки палаццо: примеры образов

Коллекция купальников Love Republic

Стильные образы на лето, в которых вы покорите окружающих

Эксперт по семейному капиталу Светлана Петрова: как быстро накопить на авто

Спорт в России и мире

В России отреагировали на "скрытую баранку" и достижение Рыбакиной на Ролан Гаррос

Белорусские теннисистки проведут стартовые встречи открытого чемпионата Франции

Российский теннисист Сафиуллин опустился на две позиции в рейтинге ATP

Арина Соболенко повторила уникальное достижение Азаренко на турнирах «Большого шлема»

Moscow.media

В Арамиле возбудили уголовное дело из-за "дома-монстра", в котором продолжают жить люди

Фотовыставка «Древнейшие пирамиды мира» пройдёт в Крыму

Лето в урочище Кокоря

Всеармянский союз «Гардман-Ширван-Нахиджеван» осуждает лживое заявление президента Азербайджана Алиева











Топ новостей на этот час

Rss.plus






4 июня в 11:00 состоится вебинар «Структурированное техническое задание. Первая практика, проблематика и риски»

"Контракт" на выступление Канье Уэста в Москве назвали фейком

Сергунина рассказала о программе ВДНХ ко Дню защиты детей

Устроивший поножовщину в магазине в Москве перед этим напал еще на двоих