Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň ýakyn garyndaşy ýurtda maý aýynda bolup geçen pyçakly waka sebäpli geçirilen kazyýet işinden jerime bilen gutuldy, ýogsa onuň toparyndaky adamlaryň käbirine türme tussaglygy berildi.
Hatlon sebitiniň Danghara etrap kazyýetiniň adynyň agzalmazlygy şerti bilen gürleşen resmisiniň Azatlyk radiosyna 1-nji sentýabrda beren maglumatyna görä, Rahmonyň aýalynyň 35 ýaşly ýegeni Amriddin Nakşowa garşy gozgalan kazyýet işi iýul aýynyň aýagynda çykarylan höküm bilen soňlandy.
Bu iş boýunça günäkärlenýän beýleki dokuz adam hem günäkär tapyldy.
Resminiň sözlerine görä, Nakşowa we onuň dört iş şäriginiň hersine 60 000 somoni (5250 dollar) jerime salyndy; galan bäş aýyplanýana bolsa, maý aýynyň ortalarynda Danghara şäheriniň merkezinde bolan dawa-jenjeldäki rollary üçin üç ýyldan bäş ýyla çenli türme tussaglygy berildi.
Altyn öndürýän "Nakş" kompaniýanyň baş müdiri bolan Nakşow we onuň egindeşleri "Minu Farm" kompaniýasynyň işçiler toparyna hüjüm etmekde aýyplandy.
Polisiýa resmileri bu hüjümde "Minu Farmyň" 10 işgäriniň agyr ýaralanandygyny, olaryň dördüsiniň erbet pyçaklanandygyny aýtdy.