Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Eýran türmedäki 'aýylganç' wideolar sebäpli tutha-tutluk barada habar berdi

Eýranyň sudy Ewin türmesinde tussaglara zulum edilýändigi barada wideolaryň ýaýramagy bilen baglylykda näbelli iki adamyň tussag edilendigini we başga dört adamyň möhletden ir boşadylandygyny aýtdy.


Şu aýyň başynda, haker toparynyň Farda Radiosy we käbir beýleki pars habar beriş serişdeleri bilen paýlaşan wideolarynda türmede garawullaryň tussaglary ýenjýändikleri we bir tussagy ýere süýrändigi görkezilýär.


Kazyýetiň resmi "Mizan" habar gullugy 30-njy awgustda wideolar bilen baglanyşykly “alty adamyň” jogapkärçilige çekilendigini we sorag edilendigini habar berdi. "Bu adamlardan ikisi tussag edildi, galanlary şertli ýagdaýda boşadyldy" diýlip, habarda aýdylýar. 


"Wideoýazgylarda görnüp duran käbir düzgün bozmalar eýýäm derňelip, adamlar jezalandyryldy ýa-da işden kowuldy" -diýlip, resmi habarda aýdylýar. 


"Amnesty International" guramasy özüni Edalat-e Ali (Alynyň adalaty) diýip atlandyrýan haker topary tarapyndan ýaýradylan jemi 16 wideonyň seljerilendigini aýtdy.


"Wideolarda urulmagyň, jynsy zorlugyň, bilkastlaýyn äsgermezligiň we medisina kömegine mätäçlere zulum edilmeginiň aýylganç wizual subutnamalary äşgär edilýär" we tussaglaryň "hroniki aşa köplükde rehimsiz hem adamkärçiliksiz şertlerde kiçi kamerada saklanmagy bilen bagly aladalary tassyklaýar" diýlip guramanyň maglumatynda aýdylýar. 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus