Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gazagystanda sowet döwrüniň ýadro synag meýdançasynyň ýapylanyna 30 ýyl boldy

29-njy awgustda Gazagystanyň sowet döwründe 40 ýyllap ýadro synaglary üçin ulanylan ägirt uly Semipalatinsk synag meýdançasyny ýapanyna 30 ýyl dolýar.


Öňki prezident Nursultan Nazarbaýew 1991-nji ýylyň 29-njy awgustynda "Poligon" ady bilen tanalýan synag meýdançasyny ýapmak kararyna geldi we soňky ýyllarda bu sebit, ýadro materiallaryny goramak we gaçakçylyk töwekgelçilikleri meselesini çözmek sebäpli, ABŞ, Russiýa we Gazagystan arasynda ýakyn hyzmatdaşlygyň merkezine öwrüldi.


Bu tagalla ýüzlerçe ýadro ýaragynyň Russiýa geçirilmegini, plutonium önümçilik desgalarynyň ýapylmagyny, ýokary derejede baýlaşdyrylan uranyň ýüzlerçe kilogramynyň bu ýerden aýrylmagyny we alymlaryň gaýtadan işe ýerleşdirilmegini öz içine aldy.


Birleşen Ştatlar bu işi ýerine ýetirmek üçin maliýe serişdelerini we taslama dolandyryşyny berdi, Moskwa alymlary we taryhy maglumatlary berdi, Gazagystanyň häkimiýetleri bolsa elýeterlilik we durmuşa geçirmek işlerini üpjün etdi.


Netijede, bu işleriň köpüsi, 150 million dollardan gowrak çykdajy bilen, 2012-nji ýylda tamamlandy, şol wagtky prezident Barak Obama muny “üç ýurduň arasyndaky adatdan daşary hyzmatdaşlygyň netijesi” hökmünde häsiýetlendirdi.


Emma muňa garamazdan, ýerli ilat onýyllyklara çeken radiasiýa täsirlerinden ejir çekmegini dowam etdirýär.


Hökümet ýadro synaglarynyň 1 milliondan gowrak adama ýetiren ýaramaz täsirini resmi taýdan ykrar etdi we olara sosial kömek belledi. Emma synag meýdançasynyň töwereginde ýerleşýän ilatly punktlaryň ýaşaýjylary berlen kömekleriň ýeterlik däldigini we güzeran aýlap bilmeýändiklerini aýdýarlar.


Şeýle-de olar ýadro synaglarynyň zyýanly täsiriniň nesilden-nesle geçendigini aýdýarlar.


Sowet Soýuzy Birleşen Ştatlara garşy alyp baran ýadro ýarag ýaryşynda 1949-njy we 1989-njy ýyllar aralygynda Semipalatinskde azyndan 468 ýadro synagyny geçirdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus