Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ Owganystandan çykmagyň çäginde Kabuldan howa gatnawyny güýçlendirýär

"Talyban" tarapyndan dolandyrylýan Owganystandan gaçmak isleýän on müňlerçe adamyň başagaýlygy 23-nji awgustda-da Kabul howa menzilinde dowam etdi. Bu aralykda Waşington ewakuasiýa işlerinde täjirçilik awiakompaniýalarynyň kömeginden peýdalandy, prezident Jo Baýden ýurtdan çykmak işiniň aýyň aýagyna bellenen möhletden has uzaga çekmeginiň mümkindigini aýtdy.


Germaniýanyň ýaragly güýçleriniň beren beýanatynda 23-nji awgustda irden Kabulyň howa menziliniň demirgazyk derwezesinde dörän ok atyşykda bir owgan goragçysy wepat bolupdyr, üç adam ýaralanypdyr.


Twitter ulgamynda çap bolan maglumatda ok atyşygyň näbelli ýaragly adamlar, ABŞ-nyň we Germaniýanyň güýçleriniň, şeýle-de aeroportuň goragçylarynyň arasynda dörändigi aýdylýar. Wepat bolanyň Owganystanyň howa menzilini goramak üçin ýerleşdirilen "Talyban" söweşijilerinden biri bolup-bolmandygy aýdylmady.


ABŞ, howa menziliniň töwereginde "Talybanyň" duşmany bolan "ISIS-K" ady bilen bilinýän "Yslam döwleti" söweşijileriniň howpy barada alada bildirdi.


Ak tamyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Jeýk Saliwan CNN telekanalyna beren beýanatynda bu howpy “hakyky we ýiti” diýip atlandyrdy.


Britan harbylary 22-nji awgustda Kabulyň howa menziliniň daşyndaky bulam-bujarlygyň ýedi owganlynyň ölümine sebäp bolandygyny aýtdylar.


Bu aralykda "Talybanyň" liderleriniň hökümeti döretmek barada gepleşiklere başlandyklary, hökümet goşunlarynyň hem-de ýörite güýçleriň galyndylarynyň bolsa paýtagtyň demirgazygyndaky Panjşir jülgesine ýygnanyp, ýerli söweşijilere goşulandygy we milli garşylyk frontuny (NRD) döredýändigi habar berildi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus