Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Şwesiýanyň sudy Eýranda müňlerçe syýasy tussagy jezalandyrmakda aýyplanýan eýranlynyň işine seredýär

1988-nji ýylda müňlerçe syýasy dissidentiň jezalandyrylmagyna gatnaşmakda aýyplanýan Eýranyň öňki prokurory 10-njy awgustda Şwesiýada sud edilýär. Bu ýagdaýyň Yslam respublikasynda dartgynly kabul edilmegi çak edilýär


Şwesiýanyň prokurorlary 60 ýaşly Hamid Nurini Eýranda 1988-nji ýylda hökümetiň buýrugy bilen 5000 töweregi syýasy tussagyň jezalandyrylmagy bilen bagly uruş jenaýatlaryna baş goşmakda güman edýär.


Prokurorlar Nuriniň 1988-nji ýylyň iýul-awgust aýlarynda Eýranyň Karaj şäheriniň daşyndaky Gohardaşt türmesinde prokuroryň orunbasarynyň kömekçisi bolup işländigini we ol ýerdäki agyr wagşyçylyklara gatnaşandygyny aýdýarlar.


Aklawçy Tomas Soderkwist Nuri 1988-nji ýyldaky ölüm jezasyna gatnaşmak aýyplamalary ret edýär -diýip 10-njy awgustda aýtdy.


Sud diňlenşigi geçirilende onlarça adam kazyýetiň daşynda Eýranyň ýolbaşçylaryna garşy çykyş etdi. 


Şwesiýanyň jemgyýetçilik habar çeşmesi SVT Nuriniň 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Şwesiýa gelende tussag edilendigini we şondan bäri tussaglykda saklanýandygyny habar berdi. 




1988-nji ýyldaky ganhorluk, Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylygyny agdarmagy we öz hökümetini gurmagy isleýän harbylaşdyrylan "Halk Mujahedin" syýasy guramanyň agzalaryny nyşana aldy.


Bu topar şol wagt Eýran bilen söweşýän Yrak goşuny bilen hyzmatdaşlyk edýärdi, Şwesiýanyň prokurorlary Eýranyň baş lideri Aýatolla Homeýniniň Eýranyň türmelerinde olara duýgudaşlyk bildirýän we Mujahedin guramasyna wepaly galan ähli tussaglaryň jezalandyrylmagy barada buýruk berendigini aýtdylar. 


Prokurorlaryň pikiriçe, bu buýruk sebäpli Gohardaşt türmesinde köp sanly tussag jezalandyryldy.


Nobel baýragynyň eýeleri, öňki döwlet baştutanlary we BMG-nyň öňki işgärleri ýaly 150-den gowrak şahsyýet, 1988-nji ýyldaky ölüm jezasy barada halkara derňew geçirmäge çagyryş edipdi.


Şwesiýanyň ähliumumy ýurisdiksiýa ýörelgeleri, sudýalara adam öldürmek ýa-da uruş jenaýatlary ýaly jenaýat işleriniň nirede bolandygyna garamazdan, sud işini açmaga mümkinçilik berýär.


10-njy awgustda irden başlanan sud işiniň geljek ýylyň aprel aýyna çenli dowam etmegine garaşylýar. Suduň üç günlük diňlenişigine onlarça şudýa gatnaşýar.


Bu waka Eýranda ýiti duýulýar, sebäbi häzirki hökümet işgärleriniň ençemesi, şol sanda täze prezident Ebrahim Raisi 1988-nji ýyldaky gyrgynçylykda rol oýnamakda aýyplanýar.


“Serhetsiz reportýorlar” (RSF) guramasyndan Antuan Bernard Stokgolmda kazyýet işiniň başlanmagy bilen gutlady we “bu molla režiminiň jenaýatçylarynyň ilkinji gezek sud edilýändigini we 1988-nji ýyldaky aýylganç gyrgynçylygyna ilkinji gezek sudda garalýandygyny" belledi.


“Žurnalistleriň ençemesi žurnalist işjeňligi sebäpli 1988-nji ýyldaky gyrgynçylykda pida boldy. Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisi hem gizlin ölüm jezasynyň arkasynda duran "ölüm komissiýasynyň" beýleki agzalary ýaly jogapkärçilige çekilýänçä, Nuri jogapkärçilige çekmelidi" diýip, Bernard öz beýanatynda aýtdy.


Eýranyň kazyýet pudagynyň öňki ýolbaşçysy Raisi bu ganhorluga gatnaşandygyny inkär etdi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus