Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ-da COVID ýokaşanlaryň sany alty aýyň içinde iň ýokary

ABŞ-da COVID-19 keseliniň "Delta" görnüşiniň köpelmegi bilen keselhanalara we hassahanalara düşýänleriň sany alty aýlyk döwrüň içinde ýokary derejä ýetdi.


Iýul aýynyň başynda sanjymlaryň derejesi pes bolan käbir ştatlarda we regionlarda lokal görnüşde başlanan keselçilik indi tutuş ýurtda güýçlenýär.


Günorta ştatlara has agyr zarba uruldy, kesellänleriň adam sany boýunça Arkanzas, Florida, Luiziana we Missisipi ştatlary öňde barýar.


Ýöne wirus waksinalaryň köp edilýän ýerlerine-de aralaşýar, kesellänleriň ýedi günlük ortaça sany 110 000-den geçip, soňky iki hepdede iki esse köpeldi.


65 000-den gowrak adam keselhana ýerleşdirildi, bu görkeziji iýul aýynyň başyndakydan dört esse köp.


Ölüm ýagdaýlary günde 500 töweregi bolup, iki hepdede tas 100 göterim ýokarlandy.


Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezleri 50 ştatyň 38-sini ýokary ýokançlyk regionlary hökmünde görkezýär. Bu ýerde her 100 000 adama 100-den gowrak kesellän düşýär, ýagny koronawirusyň bardygy azyndan 10%-de tassyklanýar.


Wirusyň ýaýramagy, 12 ýaşdan başlap, ondan ýokary ýaşly ýaşaýjylaryň 60%-ne doly waksina edilendigine garamazdan dowam edýär.


Täzeden kesellänleriň arasynda hassahanalara düşýänleriň we ölýänleriň köpüsi sanjym edilmedikler. 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus