Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Derňew: Žurnalistiň öldürilmegine Malta häkimiýetleri jogapkär

Garaşsyz derňewiň gelen netijesine görä,  maltaly žurnalist Dafne Karuana Galizianyň (Daphne Caruana Galizia) öldürilmeginde döwlet jogapkärçilik çekmeli. Bu derňew  häzirki bir, öňki iki kazy tarapyndan geçirildi.


Derňew netijesinde aýdylmagyna görä, döwlet Maltadaky korrupsiýa barada ýazan žurnalistiň ömrüne abanýan hakyky howpy boýun almady. Hökümet jezadan gutulmak medeniýetini döretdi we bu ýagdaý kanunyň hökmürowanlygynyň peselmegine getirdi diýip, derňewçiler pikir edýär.


Dafne Karuana Galizia Maltadaky ýokary wezipeli adamlara degişli korrupsiýa faktlaryny derňeýärdi. 2017-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda öýünden çykanda, onuň awtoulagy ýaryldy. Žurnalist partlamada öldi.


Žurnalistiň ölümi boýnaça geçirilen derňew uzaga çekdi. 2019-njy ýylda birnäçe hökümet ministri, şol sanda ministrler kabinetiniň başlygy Josefa Muskat, onuň öldürilmegine dahylly  adamlar bilen ilteşikli bolmakda güman edilip, wezipesinden çekildi.


Žurnalisti öldürmekde günäli tapylan Winsent Muskat 2021-nji ýylyň fewralynda 15 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Muskat özüniň günäsiniň ýokdugyny aýdýar.


Adam öldürmekde güman edilýän adamlaryň ýene ikisi öz günäsini boýun almaýar. Olaryň kazyýet işi häzirlikçe başlanmaýar.


Mundan başga, maltaly telekeçi Ýorgen Feneke hem adam öldürmek aýyplamasy bildirildi. Ol hem özüniň bigünädigini aýdýar. 

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus