Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Almaty režissýor we jemgyýetçilik işgäri Bolat Atabaýew bilen hoşlaşdy

Tanymal teatr režissýory we jemgyýetçilik işgäri Bolat Atabaýew 30-njy iýulda Almatyda soňky ýoluna ugradyldy. Onuň bilen hoşlaşmaga Atabaýewi tanaýan onlarça adam, kärdeşleri, aktiwistler geldi.


Musulman däp-dessurlaryna laýyklykda, jynaza namazy Atabaýewiň emigrasiýadan geleninden soň birnäçe aý ýaşan köp gatly jaýynyň öňünde okaldy. Merhumyň jesedi Almatydaky “Kensaý” gonamçylygynda jaýlandy.


Atabaýew geçen ýyl özüne Germaniýada edilen çynlakaý operasiýadan birnäçe aý soň Gazagystana gaýdyp geldi.


Bolat Atabaýew Gazagystanda syýasy we jemgyýetçilik meselelerine bolan tankydy garaýyşlary bilen tanalýardy we ýanalýan oppozisiýa guramalaryna goldaw bildirýärdi.


Atabaýew 2011-nji ýyldaky Žanaozen wakasy bilen baglylykda, Gazagystanyň günbatarynda bir aýlap dowam eden iş taşlaýyşlar gan dökülmegine sebäp bolandan soň tussag edildi. Režissýor "sosial ýigrenji öjükdirmekde" aýyplandy. Emma ol halk köpçüliginiň we halkara jemgyýetçiliginiň basyşy astynda azatlyga goýberildi.


Ol şondan soňam oppozisiýa işlerini bes etmedi, basyşa sezewar boldy, soň birnäçe ýyllap ýurtdan çykdy, Germaniýada ýaşady we şol ýerde spektakl goýdy.


Germaniýada oňa "Halkara medeni gatnaşyklara aýratyn goşant goşandygy üçin" Gýote medaly berildi. Atabaýew Ýewropada ýaşaýan wagtynda hem syýasy işini bes etmedi, sosial ulgamlarda Gazagystanyň syýasy ýagdaýlaryny tankyt etdi. 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus