Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Basyşlar güýçlenýär. Belarusda ýene onlarça jemgyýetçilik guramasy ýapyldy

Diýdimzor Aleksandr Lukaşenkanyň demokratiýa tarapdar aktiwistlere, garaşsyz metbugata we raýat hukuklary toparlaryna garşy görýän çäreleriniň güýçlenmegi bilen, Belsrusda ýene 15-den gowrak hökümetden aýry gurama ýapylmaga mejbur boldy.


23-nji iýulda ýapylmagy buýrulan toparlara “Adam Konstanta” adam hukuklary merkezi, Atlar haýyr-sahawat guramasy, BelSetka Anti-AIDS topary, maýyplara kömek edýän guram, hatda bir haýwan hukuklary topary hem girýär.


Jemgyýetçilik guramalarynyň soňky ýapyşlygy Lukaşenkonyň ýurdy NGO-lardan, hökümetden aýry guramalardan doly “saplamak” baradaky haýbatynyň bir gün soňundan boldy. Ol bu guramalary “garakçylar we daşary ýurt agentleri” diýip atlandyrdy. 


Şeýle-de, bu ýapyşlyk ýurduň howpsuzlyk güýçleri onlarça žurnalistiň we hukuk aktiwistiniň öýüne reýd geçirenden bir hepde soň boldy.


Umuman alanyňda, 51 sany jemgyýetçilik guramasy ýapylmak bilen ýüzbe-ýüz boldy. Olaryň arasynda ýurduň iň uly we abraýly metbugat guramasy bolan Belarus žurnalistler birleşigi, 2015-nji ýylyň edebiýat boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolan Swetlana Alekseýewiçiň ýolbaşçylygyndaky ýazyjylar birleşigi, Belarus PEN Merkezi  hem bar.


"Biziň näme üçin ýapylýandygymyzy bize hiç kim aýtmaýar” diýip, günbatardaky Brest şäherinde bosgun hukuklary ugrunda iş alyp barýan “Adam Konstanta” guramasynyň çap eden beýanatynda aýdylýar. 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus