Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Žanaozende ýene bir kärhananyň işçileri iş taşlady

23-nji iýulda Žanaozende ýene bir kompaniýanyň, “Ozenmunaýgaz” kompaniýasynyň kömekçi potratçysy bolan UTS LLС-iň 80-e golaý işgäri iş taşlaýyş yglan etdi.


Işçiler ýolbaşçylardan aýlyklarynyň 100% köpeldilmegini, howply ýerlerdäki iş üçin kompensasiýa berilmegini, baýramçylyk günleri işlenende berilýän aýlygyň ýokarlandyrylmagyny we beýlekileri talap edýärler. 


Işçileriň sözlerine görä, häzir olar 110-165 müň teňňe möçberinde aýlyk alýarlar we bu, olaryň pikiriçe, hünär töwekgelçiligine laýyk gelmeýär we eklenmek üçin ýeterlik däl.


“Ozenmunaýgasyň” radiasiýaly turbageçirijilerinde himiki arassalaýjylar bilen işleýän işçiler bu işiň saglyk üçin juda zyýanlydygyny, ýöne zawod açylaly bäri kompensasiýa almaýandyklaryny aýdýarlar.


“Bu ýeri “mazar” diýlip hem atlandyrylýar, sebäbi bu işde işlemek saglyk üçin örän zyýanly. Häzirki berilýän aýlyk üçin janyňy howp astyna salanyňa degenok. Munuň üstesine, indi azyk, hemme zat gymmatlaýar. Çagalary eklemeli, jaý kireýi üçin tölemeli. Biz uzak wagt bäri nägilelik bildirip gelýäris” diýip, işçileriň biri aýtdy.


Olaryň sözlerine görä, kompaniýada 90 töweregi işgär işleýär: 80 adam işini togtatdy we iş taşlaýyş yglan etdi. 23-nji iýulda, şol günüň öýläni kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Berik Galiýew iş taşlanlaryň ýanyna geldi, arzlaryny diňledi.


Işçileriň aýtmagyna görä, Galiýew olaryň talaplaryny ýerine ýetirip bilmeýändiklerini we komissiýanyň döredilmändigini aýdypdyr.


Azatlyk radiosynyň Gazak gullugy giçlik Galiýew bilen habarlaşdy we ol kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň meseläni çözmäge çalyşýandygyny, işçileriň talaplarynyň ýazylyp alnandygyny gürrüň berdi.


Iň soňky maglumata görä, häzir  Žanaozende "Ozenmunaýgas" nebit kompaniýasynyň jaýlaryny arassalamak bilen meşgullanýan NBKS kärhanasynyň işgärleri; "Tazalyk-S" jemgyýetçilik kärhanasynyň sürüjileri we ýükleýjileri; Nebit ýatagy enjamlary we hyzmatlar işgärleri; "Aktau Munai Service" nebit hyzmat kompaniýasynyň işgärleri; Ozenmunaýgaza ulag hyzmatlaryny edýän KUNAN HOLDING kompaniýasynyň sürüjileri iş taşlamaklaryny dowam etdirýärler.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus