Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

HRW Ismatullaýewanyň ýagdaýyna alada bildirdi

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Human Rights Watch (HRW) guramasy lukman Hursanaý Ismatullaýewanyň näbelli tarapa alnyp gidilmegine we şondan bäri ondan habar-hatyryň ýokdugyna alada bildirdi.


Gökdepe şäherindäki “Ene mähri” merkeziniň ozalky lukmany Ismatullaýewa 16-njy iýulda öz öýünden näbelli tarapa alnyp gidilipdi. Ol 2017-nji ýylyň tomsunda näsaglardan para almakdan ýüz öwrendigi we olary gerekmejek tölegli saglyk barlaglaryna, operasiýa bejergilerine ibermekden boýun gaçyrandygy üçin işden boşadyldy diýip, garaşsyz turkmen.news neşiri belledi.


Azatlygyň ozal-da habar berşi ýaly, 15-nji iýulda Ýewropa parlamentiniň agzalarynyň “Merkezi Aziýa ýurtlarynda susdurmak praktikalary: Hukuk goraýjylaryň sesleri” ady bilen gurnan wideoşekilli maslahatynda turkmen.news neşiriniň baş redaktory, derňewçi žurnalist Ruslan Mätiýew Ismatullaýewanyň ýanalyşy hakynda hem gysgaça durup geçipdi.


Ismatullaýewanyň näbelli tarapa alnyp gidilmeginden bäri dört günüň geçendigine garamazdan, onuň saklanamagynyň sebäpleri we bildirilýän aýyplamalar barada resmi maglumat ýok.


Azatlygyň Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk Ministrliginden, Baş prokuraturasyndan kommentariýa almak synanyşyklary hem netije bermedi.


Human Rights Watch guramasy Ismatullaýewanyň tussaglykdaky her bir minudynyň onuň gynamalara we ýanamalara duçar edilmek ähtimallyklaryny ýokarlandyrýandygyny belläp, ýakynda Türkmenistan bilen adam hukuklary boýunça dialogy geçiren Ýewropa Bileleşiginiň bu ýagdaýlara çydam etmeli däldigini aýtdy we Ismatullaýewanyň bada-bat azat edilmegini dessine talap etmelidigini belledi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus