Мы в Telegram
Добавить новость

Обязательная программа для дачника: что нужно успеть на огороде в майские праздники

Москва выпускает продукцию для активного отдыха в праздники

Известный блогер попал в аварию в центре Москвы

Авиакомпанию S7 оштрафовали на 30 тысяч рублей за нарушение прав пассажиров

World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistan COVID-19 waksinasyny hökmany edensoň, ilata sanjym edilmegini wagtlaýyn togtadyp, mugallymlara waksina berýär

Türkmenistan COVID-19 waksinasyny hökmany edensoň, ilata sanjym edilmegini wagtlaýyn togtadyp, mugallymlara waksina berýär

Dünýäde kornawirusa garşy waksinany hökmany eden sanlyja ýurduň biri bolan Türkmenistan býujet işgärlerine sanjym etmek işini güýçlendirdi, emma ýurduň käbir sebitlerinde adaty ilata waksina edilmegi togtadyldy. Häkimiýetler ilatyň COVID-19 keselinden ejir çekip, keseli anyklamakda we onuň täsirlerinden saplanmakda kynçylyk çekýän wagtynda ýurtda koronawirusyň ýokdugyny öňe sürmegini dowam etdirýärler.

Türkmenistanyň gündogarynda bilim edaralarynyň işgärleriniň COVID-19-a garşy uçdantutma waksinasiýasy güýçlendi. Azatlygyň ýerli habarçylarynyň aýtmagyna görä, mugallymlaryň ählisine waksina berilýänçä ýerli ilata sanjym etmek işi wagtlaýynça bes edilipdir.

Soňky aýlarda waksinasiýa gartaşan adamlaryň arasynda geçirilipdi.

7-nji iýulda Türkmenistan koronawirusa garşy waksinany hökmany diýip yglan etdi, şeýlelik bilen dünýäde öz ilatyny COVID-19 sanjymyny urdurmaga mejbur edýän az sanly ýurtlaryň birine öwrüldi. Bu, ýurtda koronawirus alamatly keselçiligiň köpelen we häkimiýetleriň ýurtda COVID-19 ýoklugy barada nobatdaky resmi beýanatynyň edilen wagtyna gabat geldi.

Türkmenistanyň ýolbaşçysy ýurtda koronawirusyň ýokdugy barada soňky gezek 29-njy uýunda çykyş etdi. Şonda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow COVID-19 garşysyna has täsirli sanjym satyn almagy talap etdi, ýöne ýurtda COVID-19 keseliniň hasaba alynmandygyny ýene bir gezek öňe sürdi. Resmi neşirler prezidentiň haýsy waksinany netijeli diýip talap endigini anyklaşdyrmady.

Bu aralykda, syrkawlap, koronawirusdan gutulan adamlar özlerini bejermegiň, netijelerini anyklamagyň we soňra saglygyny dikeltmegiň usullaryny özbaşdak gözlemäge mejbur bolýarlar. Köplenç ýurtda koronawirus bilen kesellänlere pnewmoniýa diagnozy goýulýar. Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri hakyky diagnozyň goýulmazlygyň bejergini kynlaşdyrýandygyny we koronawirus keselini başdan geçirenlere, şol sanda olara waksina edilmeginde saglyk üçin töwekgelçilikleri döredýändigini belleýärler.

"Joram adamsy bilen bilelikde koronawirusy başdan geçirdi we öýünde bejergi aldy. Keseli adamsy agyr, onuň özi has ýeňil geçirdi we wagtal-wagtal kompýuter tomografiýa barlagyndan geçdi. Soňky netijeler onuň adamsynyň ýagdaýynyň gowudygyny, ýöne öz ýagdaýynyň gowy däldigini görkezdi. Tejribeli pulmonolog antitela ýagny bedeniň kabul etmeýänini anyklamak üçin gan barlagyny geçirmegi maslahat berdi. Şeýle barlaglar Jemgyýetçilik saglygy we iýmitleniş merkeziniň milli barlaghanasynda, wirus bölüminde geçirilýär. Ýöne ol ýerde oňa bu barlagy geçirmekden ýüz öwürdiler we şular ýaly synaglaryň diňe daşary ýurtlular üçin geçirilýändigi we dollarda töleg edilýändigini aýtdylýar "-diýip, adynyň efirde tutulmagyny islemedik Aşgabadyň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosyna 8-nji iýunda gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçylary hem koronawirus keseliniň başdan geçirilendigini görkezýän bu gan barlagyny Aşgabatda etdirmegiň aňsat däldigini aýdýarlar. Jemgyýetçilik saglygy we iýmitleniş merkeziniň milli barlaghanasyndan başga-da, bu analiz Çoganlydaky Ýokanç keseller hassahanasynda geçirilýär. Paýtagtyň saglyk öýlerinde we saglyk merkezlerinde bu synaglar geçirilmeýär.

Bu aralykda, garaşsyz “Turkmen.news” neşiri koronawirus bilen bagly ýagdaýyň agyrlygy sebäpli Türkmenabatdaky hassahanalaryň iş tertibiniň üýtgändigini habar berýär.

Neşir Türkmenabatda hassalar üçin boş ýerleriň ýoklugy sebäpli, "Uçpunkt" diýlip atlandyrylýan keselhananyň diňe COVID-19 bilen kesellänleri kabul edýändigini habar berýär. Şäheriň daşynda Mary şäherine barýan ýolda ugrunda ýerleşýän ýerli ýokanç keseller hassahanasy hassalardan hyryn-dykyn, täze köpugurly welaýat hassahanasy bolsa, Lebap welaýatynyň etraplaryndan näsaglary kabul etmegi bes edipdir.

Turkmen.news neşiriniň habaryna görä, koronawirus bilen baglanyşykly ýagdaýyň agyrdygy Türkmenabadyň agzalan hassahanalarynyň birinde 7-nji iýulda geçirilen ýygnakda mälim edilipdir.

Türkmenistan öz ilatyna şu ýylyň fewral aýynda waksina edip başlady. Ýanwarda ýurtda birbada Russiýada öndürilen iki waksina hasaba alyndy we sanjym ediljek raýatlaryň sanawlaryny düzmek prosesi başlandy, sanawlara oňa döwlet edaralarynyň işgärleri, şol sanda lukmanlar, polisiýa işgärleri we saglyk ýagdaýy sebäpli töwekgelçilik toparyna degişli raýatlar girdi. Waksinasiýa rus sanjymy bilen başlandy, emma tiz wagtdan ilatyň aglaba bölegine hytaý waksinalary edildi. Şonda hytaý waksinasynyň ýurtda hasaba alynandygy barada resmi taýdan habar berilmedi.

2021-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrligi COVID-19 keseline garşy waksinanyň 18 ýaşdan uly ähli raýatlar üçin hökmanydygyny yglan etdi. Mundan birnäçe gün öň şuňa meňzeş karar Täjigistan tarapyndan yglan edildi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Синоптик Тишковец назвал редкостью для Москвы прошедший накануне сильный ливень

Макет забайкальского динозавра кулиндадромеуса установили на ВДНХ

«Деньги обесценятся уже точно»: эксперт назвал сроки обвала сбережений

Домодедовские спортсменки завоевали золото и серебро Чемпионата Европы по бокс

Музыкальные новости

РОСГВАРДИЯ ОБЕСПЕЧИЛА ПРАВОПОРЯДОК ВО ВРЕМЯ ВО ВРЕМЯ ФУТБОЛЬНОГО МАТЧА «ЦСКА» - «СПАРТАК» В МОСКВЕ

«Есть ответы на вопросы бизнеса»: Хуснуллин об итогах встречи с Путиным на РСПП

Более 100 студентов посетило СЛД Курск в рамках акции «Неделя без турникетов»

По запросу Баку в Москве незаконно был задержан известный российский политолог Михаил Александров

Новости России

Собянин поздравил работников скорой помощи с профессиональным праздником

Воробьев сообщил об открытии подстанции скорой помощи в Ногинске

Музей-заповедник «Царицыно» заявил об открытии летнего сезона 1 мая

Домодедовские спортсменки завоевали золото и серебро Чемпионата Европы по бокс

Экология в России и мире

Дом, милый дом: участки под строительство от компании Родные земли, цены, отзывы

5 лучших бьюти-средств для тела на весну

Компания ICDMC стала победителем престижной премии в сфере ЗОЖ – Green Awards 2023/24

По запросу Баку в Москве незаконно был задержан известный российский политолог Михаил Александров

Спорт в России и мире

Хачанов обыграл Баутиста-Агуту в третьем круге «Мастерса» в Мадриде

Мирра Андреева установила новый рекорд на турнирах WTA-1000

Свёнтек разгромила Кырстю и вышла в 1/8 финала турнира WTA-1000 в Мадриде

Медведев рассказал, что у него не получилось в первом сете матча с Арнальди в Мадриде

Moscow.media

Тихий вечер...

ВОЗ предупредила об увеличении в 2 раза смертности от лихорадки денге

Строители мостов и дорог удостоены государственных наград

«1418»: выставка секции «Арт-фото» ТСХР в зале «Лаврушинский`15»











Топ новостей на этот час

Rss.plus






Макет забайкальского динозавра кулиндадромеуса установили на ВДНХ

Отставка правительства России после 7 мая: Инсайдеры и эксперты поделились своим прогнозом перестановок

Электрокары скоро захватят автомобильный рынок: опубликован прогноз

Омбудсмен по делам КМНС Камчатки возмутилась, что ее не пустили в Нью-Йорк (ее коллега из Якутии туда съездил)