Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ garaşsyzlyk güni koronawirusdan azatlygyny belleýärler

Amerikalylar şu ýyl Garaşsyzlyk güni baýramyny 4-nji iýulda parad we feýerwerk bilen bellediler, bir ýyl mundan ozal COVID-19 çäklendirmeleri sebäpli köp çäreler ýatyrylypdy.


Bu ýylky dynç alyş günleri amerikalylara pandemiýa sebäpli bir ýyldan gowrak wagtlap dowam eden çäklendirmelerden soň Garaşsyzlyk gününi dostlary we maşgalalary bilen bilelikde bellemäge mümkinçilik berdi.


ABŞ-nyň prezident Jo Baýden uly ýaşly ilatyň 70%-ne azyndan bölekleýin sanjym etmek barada yglan eden maksadyna ýetmedik hem bolsa, tutuş ýurt boýunça dabaralary geçirmegi goldady.


Baýden öz maşgalasy bilen Ak tamda 1000 töweregi tiz hereket toparynyň işgärleri, harbylar we resmileri hem-de olaryň maşgalalary üçin piknik gurady. 


Çärede eden çykyşynda Baýden bir ýyl ozal girizilen koronawirus çäklendirmeleri sebäpli 4-nji iýul baýramçylygy bilen bagly çäreleriň köpüsiniň ýatyrylmaly bolandygyny aýtdy. Ol ABŞ-nyň “ýeňiş gazanandygyny”, emma entek wirusy “ýeňmändigini” belledi we amerikalylary waksina etmäge çagyrdy.


Londonda patyşa Ýelizaweta 4-nji iýulda Britaniýanyň saglyk işgärlerini hormatlady we Milli saglyk gullugyna (NHS) Jorj hajynyň ýokary derejesini gowşurdy. Bu baýrak raýat edermenligi üçin iň ýokary sylagdyr. 


Britaniýanyň Milli saglyk gullugy bu sylaga 73 ýyl hyzmat edenligi, şol sanda COVID-19 pandemiýasy döwründe eden işleri üçin mynasyp boldy. 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus