Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanyň ýörite status bilen Türki Geňeşe goşulmagy maslahatlaşyldy

28-nji iýunda Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň baş sekretary Bagdad Amreýew Türkmenistanyň ýörite derejede Türki Geňeşe goşulmagynyň mümkinçiliklerini maslahat etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web-saýty habar berýär.


28-29-njy iýunda Türki Geňeşiň başlygy Bagdad Amreýew Aşgabada iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň ilkinji güni ol Türkmenistanyň daşary syýasat başlygy Raşid Meredow bilen duşuşdy. TDH-nyň habaryna görä, myhman sişenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.


Berdimuhamedow we Amreýew "Türkmenistan bilen türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine... ynam bildirdiler" diýip, TDH ýazýar.


28-nji iýunda Aşgabadyň daşary syýasat edarasynda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Türki Geňeş bilen özara gatnaşyklarynyň häzirki derejesini ara alyp maslahatlaşypdyrlar.




“Türkmen tarapy durnukly ösüşiň nukdaýnazaryndan, ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýa ulgamlarda özara hereketleri giňeltmek üçin Türk Geňeşiniň potensiallaryndan peýdalanmagyň mümkinçiliklerine oňyn seredýär” diýip, resmi habarda aýdylýar.


Taraplar Türkmenistanyň ýörite status bilen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine goşulmagynyň mümkinçiligini maslahat etdiler.


Häzirki wagtda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkiýe Türki Geňeşiň doly agzasydyr, Wengriýa geňeşiň synçy agzasydyr. Gurama 2009-njy ýylda esaslandyryldy we agza ýurtlaryň döwlet baştutanlary bu guramanyň türk dilli döwletleriň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygy nazarlaýandygyny nygtaýarlar.




Gazak mediasy 2018-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Türki Geňeşe goşulmak ähtimallygy barada habar berdi.


Geňeşe agza ýurtlardan Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan 2020-nji ýylyň dekabrynda we 2021-nji ýylyň martynda yzly-yzyna iki gezek Türkmenistany geňeşe goşulmaga çagyrdy. Media maglumatlaryna görä, Türkmenistan özüniň bitaraplyk statusyna salgylanyp, geňeşe goşulmakdan gaça durýardy.


NATO agzasy bolan Türkiýe Türki Geňeşde işjeň orun alýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus