Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ “Ryanair” hadysasy bilen baglylykda Belarusa howa syýahatyny gadagan etdi

Belarus geçen aý bir ýolagçy uçarynyň ugruny Minske mejbury üýtgedip, onuň yz ýany uçaryň bortundaky bir dissident žurnalisti we onuň gyz dostuny tussag edenden soňra, Birleşen Ştatlary muňa jogap hökmünde Belarusa gidiş-geliş biletleriniň satylmagyny gadagan etdi.


Döwlet departamenti Birleşen Ştatlary bilen Belarusyň arasynda howa transportyny çäklendirmegiň ABŞ-nyň daşary syýasaty üçin bähbitlidigi barasynda kesgitli diýip, ABŞ-nyň Transport departamenti 29-njy iýunda buýruk çykardy.


Görkezme bir awiakompaniýanyň üsti bilen sargyt edilen ýöne birnäçe awiakompaniýa tarapyndan ýerine ýetirilýän gatnaw petekleriniň gadaganlygyny hem öz içine alýar.


Ýöne şonda-da buýruk kadadan çykma ýagdaýlara, eger olar ABŞ-nyň bähbitlerine gabat gelýän bolsa, şol sanda ynsanperwerçilik we milli howpsuzlyk esaslara daýanýan ýagdaýlara, rugsat berýär.




Bu çäklendirmä simwoliki häsiýete eýe hasaplanýar, sebäbi Birleşen Ştatlary bilen Belarusyň arasyndaky howa hereketi çäklidir.


Diýdimzor Lukaşenkanyň režimi geçen ýylyň dawaly awgust saýlawlarynyň yz ýany, syýasy oppozisiýa we garaşsyz media garşy girişen gazaply basyp ýatyrmalary sebäpli halkara jemgyýetçiliginiň basyşlaryna uçrady.


Protestçiler saýlawyň galplaşdyrylandygyny aýtdylar. ÝB, ABŞ we beýleki käbir ýurtlar saýlawyň resmi netijelerini ykrar etmekden ýüz öwürdi. Olar Lukaşenkany ýurduň kanuny lideri hökmünde ykrar etmeýärler.


Bu krizis 23-nji maýda belarus häkimiýetleri öz howa giňişliginden geçip barýan “Ryanair” ýolagçy uçaryny harby uçar ulanyp, Minske gonmaga mejbur edende täze derejä ýetdi. Muny köp ýurt “döwlet gaçakçylygy” atlandyrdy. Uçar gonandan soňra, onuň bortundaky oppozisiýa bloggeri Roman Protasewiç we onuň orsýetli halaşýan gyzy Sapega dessine tussag edildi.




ÝB, ABŞ, Britaniýa we Kanada “Ryanair” uçar gatnawynyň ugrunyň üýtgedilmegi boýunça Belarusa, belarus kärhanalaryna garşy sanksiýa girizdi, Lukaşenka administrasiýasyndan onlarça resmi adamlara, kanun çykaryjylara, Lukaşenkanyň maşgala agzalaryna garşy wiza gadagançylygy girizdi, aktiwler doňduryldy.


ABŞ administrasiýasy Belarusyň döwlet eýeçiligindäki dokuz kärhanasyna garşy sanksiýa girizdi, ÝB bolsa Minskiň esasy eksport pudaklaryna çäklendirme girizdi, maliýe ulgamlaryna elýeterliligi çäklendirdi.  


Şeýle-de, ÝB belarus howa kompaniýasy tarapyndan dolandyrylýan islendik uçaryň öz çägine gonmagyna we öz çäginden uçmagyna, howa giňişliginden geçmegine gadaganlyk girizdi.


Geçen ýylyň dawaly prezident saýlawlaryndan soňra belarus häkimiýetleriniň oppozisiýasyny ýowuz basyp ýatyrmagy sebäpli girizilen günbatar sanksiýalarynyň ozalky tapgyrlary aýry-aýry edaralara we Lukaşenkanyň ýakyn töweregine gönükdirildi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus