Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Owgan goşuny Demirgazyk Farýap welaýatynda iki etraby yzyna aldy

Owganystanyň Goranmak ministrligi 29-njy iýunda beren beýanatynda demirgazykdaky Farýap welaýatynyň iki etrabyny öz gözegçiligine geçirendigini habar berdi.


"Talyban" soňky hepdelerde hökümet güýçlerinden onlarça etraby basyp aldy. Bu ýagdaý Kabulda günbatar tarapyndan goldanýan hökümetiň we Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleriniň yza çekilmeginden soň dargap biljekdigi baradaky aladalary orta atdy. ABŞ Owganystandaky goşunlaryny 11-nji sentýabryň terrorçylykly hüjümleriniň 20 ýyllygyna gabatlap şu ýyl çykarýar.


28-nji iýunda owgan hökümet güýçleri Puştun Kot we Han Çaharbag etraplaryny yzyna aldy, hökümet goşunynyň Gazni we Parwan welaýatlarynyň beýleki iki etrabyny yzyna almak ugrundaky tagallalarynda hem öňegidişlik gazanandygy aýdylýar.


Resmiler we beýleki çeşmeler owgan güýçleriniň Gunduz we Tahar welaýatlarynda-da öňe barýandygyny aýtdylar.


Ýerli çeşmeleriň Azatlyk Radiosyna beren habaryna görä, Baglan, Gunduz, Balh, Tahar we Farýap regionlarynda şeýle hem günorta-gündogardaky Paktiýada we Zabulda güýçli söweşler alnyp barylýar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus