Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Orsýet basyp alan Krymda howadan gorag sistemasyny synaýar

Orsýet, basyp alnan Krymda howa goranyş ulgamlaryny synagdan geçirdi. Bu Gara deňizde Ukraina we ABŞ tarapyndan bilelikde guralan köpmilletli harby türgenleşikleriň geçen wagtyna gabat geldi.


Geçen hepdede rus we britan harby gämileriniň gatnaşmagynda Krymyň kenarynda ýüze çykan wakadan soň Orsýetiň we Günbataryň arasyndaky dartgynlylygyň ýokarlanan wagty 28-nji iýunda başlanan “Deňiz şemaly” türgenleşigine Gara deňiz ýurtlarynyň köpüsini, NATO ýaranlaryny we hyzmatdaşlaryny öz içine alýan jemi 32 ýurt gatnaşýar.


Moskwa 2014-nji ýylda azyndan 100 ýurt tarapyndan bikanun diýlip hasaplanan referendum geçirip, Ukrainanyň Krym ýarym adasyna gözegçiligi öz eline geçirdi. Şeýle hem Moskwa 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri gündogar Ukrainada 13 000-den gowrak adamyň ölmegine sebäp bolan söweşde separatistleri goldaýar.


10-njy iýula çenli dowam etjek türgenleşige 5000 harby, 32 gämi, 40 uçar we 18 sany ýörite operasiýa we suwa çümýän topar girýär.


Deňiz flotynyň 20 töweregi bombaçy uçary we dikuçary, şol sanda "Su-24M" kysymly uçarlary, şeýle hem "S-400" we "Pansir" ýerüsti-howa raketa ulgamlaryny taýýarlyk derejesini synamak üçin ýerleşdirendigini 29-njy iýunda Interfaks habar berdi.


"Deňiz şemaly" türgenleşigi, Orsýetiň 23-nji iýunda Krymyň Sewastopol şäheriniň golaýyndaky sebitde britan gämisi "HMS Defenderi" ugruny üýtgetmäge mejbur etmek üçin duýduryş beriji oklary atandygyny mälim etmeginiň yzýany geçirilýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus