Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ-nyň ilçisi şu hepde Moskwa dolanar

ABŞ-nyň ilçisi Jon Sulliwan “şu hepde” Moskwa dolanar diýip, Döwlet departamentiniň metbugat wekili Ned Praýs 21-nji iýunda mälim etdi. Sulliwan mundan iki aý ozal, Birleşen Ştatlar bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň dartgynlaşmagynyň arasynda, Moskwany terk edipdi.


16-njy iýunda Ženewada prezident Jo Baýdeniň özüniň rus kärdeşi Wladimir Putin bilen geçiren gepleşiklerinden soň, ilçileriň ýakyn wagtda wezipelerine dolanjakdygy yglan edilipdi.


Russiýanyň ilçisi Anatoliý Antonow Birleşen Ştatlara 20-nji iýunda dolandy. Ol rus mediasyna “deňlik we pragmatik” gatnaşyklary gurmaga ýardam bermek isleýändigini aýtdy.


Antonow martda, haçanda Baýden öz belliklerinde Putiniň “ganhordygy” barada ylalaşýandygyna yşarat etmeginden soňra, yzyna çagyrylypdy.


Baýdeniň ýanwarda häkimiýet başyna geçmeginden bäri, Waşington bilen Moskwanyň arasyndaky dartgynlylyklar has-da ýitileşdi. Birleşen Ştatlar Russiýa garşy kiber hüjümler, saýlawlara gatyşmak, oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň zäherlenmegi we türmä höküm edilmegi bilen ilteşikli sanksiýalary girizdi.


Sulliwan konsultasiýalar üçin aprelde yzyna çagyrylypdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus