Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Bäsdeşler Eýranyň prezident saýlawynda berk liniýaly Reýsiniň ýeňşini kabul edýärler

Eýranda geçirilen prezident saýlawlarynda 60 ýaşly ruhanynyň, otuz ýyl öň hukuk toparlary tarapyndan adamzada garşy jenaýat etmekde aýyplanan kazyýet başlygy Reýsiniň ýeňiji bolmagy bilen, Amnesty International onuň ýitirim edilen adamlaryň ykbalynda oýnan rolunyň derňelmegi baradaky ozalky çagyryşlaryny gaýtalady.


Emma Eýranyň syýasy we dini meselelerinde iň esasy ygtyýarlyga eýe bolan aýatolla Ali Hameneýi ses berişligi "duşman propagandasynyň" ýeňilmegi hökmünde häsiýetlendirdi.


Konserwatiw kandidatlaryň agdyklyk edýän bäsleşigindäki ýeke-täk aram reformaçy we berk liniýaly garşydaş dalaşgärler 19-njy iýunda irden, sesleriň sanalmagynyň dowam edýän wagtynda, aşa konserwatiw kandidat Ebrahim Reýsiniň bir gün öň geçirilen prezident saýlawynda ýeňendigini kabul etdi.


Berk elekden geçirilip seçilen dört kandidatyň we saýlawyň boýkot edilmegi baradaky çagyryşlaryň 60 ýaşly ruhany we kazyýet başlygy Reýsiniň peýdasyna boljakdygy öňünden hem çaklanylýardy.


Içeri işler ministrligi başlangyç netijelere günortan we jemleýji netijelere bir gün soň garaşylýandygyny habar berdi.


Merkezi bankyň ýolbaşçysy, saýlaw kampaniýasynyň soňky gününde bäsleşikden çekilen aram kandidatdan soň ýeke-täk aram dalaşgär bolup galan Abdolnaser Hemmati twitterde özüniň ýeňlendigini boýun alyp, Reýsini gutlady.


Mümkin bolan garşydaşlaryň köpüsi hökmürowan aýatolla Ali Hameneýiň gözegçiligindäki güýçli Goragçylar Geňeşi tarapyndan bäsleşige goýberilmedi we ahyr netijede ýaryşda diňe dört kandidat bäsleşip bildi.


Analitikler bu ses berişlige gatnaşygyň ýurtda geçirilen saýlawlardaky iň pes dereje boljakdygyny we bu ýagdaýyň ýeňijiniň kanuny ýolbaşçy bolmagyna şübhe döretjekdigini aýtdylar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus