Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistan COVID-19 üçin serhet gözegçiligini 'has güýçlendirmek' kararyna geldi

Türkmenistan COVID-19 pandemiýasyna garşy durmak boýunça ýene-de birnäçe wezipe kesgitläp, daşary ýurtlardaky aktiwsitleriň barha kän ýollaryň açylmagyna çagyrýan wagtynda, serhet geçelgelerinde alnyp barylýan gözegçilik işlerini has-da güýçlendirmek kararyna geldi.


Azatlygyň habarçylary serhet geçelgelerinde daşarda galan ýurt raýatlarynyň, şol sanda okuwyny tamamlap, Türkmenistana geçjek bolýan studentleriň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada şu aýyň başynda hem habar beripdi.


TDH-nyň maglumatyna görä, Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji iýunda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlisini geçirip, dünýäde koronawirus keseli bilen bagly ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagyna, onuň aýry-aýry ýurtlarda 14 müňden gowrak görnüşiniň hasaba alynmagyna ünsi çekdi.


Şol bir wagtda-da ol türkmen döwletiniň raýatlaryň saglygyny goramak üçin ähli tagallany edýändigi, şu sebäpden ýurtda “koronawirus ýokanjynyň ýüze çykarylmandygy” barada ozal ençeme gezek aýdan sözlerini gaýtalady.


Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygy N.Amannepesowyň tassyklamagyna görä, Türkmenistan “ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça uly tejribe toplady” we “üç halkalaýyn öňüni alyş ulgamynyň işini ýola goýdy”.


Emma muňa garamazdan, döwlet baştutany, ýokanç keselleriň öňüni almak tagallalaryny güýçlendirmek üçin, daşary ýurtlardan gelýän raýatlary hökmany 21 gün karantin gözegçiliginde saklamagy we soňra öý şertlerinde gözegçiligi dowam etdirmegi; ilata COVID-19 ýokanjyna garşy sanjym etmek işlerini dowam etdirmegi talap etdi.


Türkmenistan mundan öň ýurduň daşary ýurtlardan COVID-19 ýokanjyna garşy ulanyljak birnäçe görnüşli sanjymyň satyn alnandygyny aýtdy, emma mejlisde şu wagta çenli ilatyň näçe böleginiň sanjym alandygyny anyklaşdyrmady.



Türkmenistan dünýäde resmi taýdan hiç bir koronawirus näsagyny hasaba almadyk az sanly ýurtlaryň biri bolup, syzyp çykýan resmi däl maglumatlarda aýdylýan hadysalar, ölüm faktlary barada düşündiriş bermeýär.


Serhetleriň ýapylmagy we uçar gatnawlarynyň ýatyrylmagy sebäpli daşary ýurtlarda galan türkmenistanlylaryň köpüsi, sosial mediada açyk çykyş edýän aktiwistleriň tassyklamagyna görä, türkmen hökümetiniň pandemiýa döwründe ýurt içindäki we daşyndaky türkmenistanlylaryň saglygyny goramak üçin edýän işlerini netijeli we ýeterlik hasaplamýar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus