Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Eýranlylar häkimiýete berk liniýaly dalaşgäri getirip biljek prezident saýlawynda ses berýär

Eýranlylar 18-nji iýunda ýurduň indiki prezidentini saýlamak üçin ses bermäge başlady, ýöne köp adam, dalaşgärleriň öňünden berk elekden geçirilmegi bilen, indiki lider eýýäm kesgitlenendir öýdýär.


Bu ses berişlik ABŞ sanksiýalary, döwletiň emelsiz dolandyrylyşy we koronawirus pandemiýasy sebäpli çöken ykdysady kynçylyklaryň ejirini çekýän saýlawçylaryň biperwaýlygy we ýokarlanan gahar-gazaby arasynda geçirilýär. 


Eýranyň iň ýokary ygtyýarly lideri Aýatolla Ali Hameneýi eýranlylary saýlawlara gatnaşmaga ruhlandyrmak bilen, adamlary ruhdan düşürip, saýlawlara gatnaşmazlyga itekleýän “duşmanlary” tankyt etdi,  döwlet telewideniýesi bolsa birnäçe şäherdäki saýlaw uçastoklarynyň daşynda dörän uzyn nobatlary görkezdi.


Hameneýi Tähranda ses bereninden soň: "Her ses sanalýar... geliň we ses beriň, prezidentiňizi saýlaň ... bu siziň öz ýurduňyzyň geljegi üçin möhüm" diýdi.


Berk liniýaly ruhany we kazyýetiň başlygy, 60 ýaşly Ebrahim Reýsiniň iki möhletlik prezidentligi tamam bolan we üçünji gezek dalaşgär bolup bilmeýän prezident Hasan Rohaniniň ornuny almagyna garaşylýar. 


Reýsi 1988-nji ýylda müňlerçe syýasy tussagyň gyssanmaç sud edilip, ölüme höküm edilmegine we jezalaryň ýerine ýetirilmegine gözegçilik eden eýranly kazylaryň biri bolup, ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar ony adamzada garşy jenaýat etmekde günäli hasaplaýar.


Eýranyň hökmürowan gözegçilik gullugy, Goragçylar geňeşi belli aram dalaşgärleriň dalaş etmeginiň öňüni aldy. Reýsiniň esasy bäsdeşi we saýlawa goýberilen ýeke-täk aram kandidat Abdolnaser Hemmati bolup durýar. Ol prezidentlige dalaş etmek üçin işinden aýrylmazdan ozal Eýranyň merkezi bankynyň başlygy bolup işledi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus