Ýewropa Parlamenti "jenaýatçy" belarus režimine garşy berk ykdysady sanksiýalara çagyrýar
Ykdysady sanksiýalar Belarusyň nebit, kaliý, polat we agajy gaýtadan işleýän döwlet kompaniýalaryny nyşana almaly diýip, ýewropaly kanun çykaryjylaryň 10-njy iýundaky hökmany borçlandyrmaýan rezolýisiýasynda aýdylýar.
Şeýle-de, Ýewropanyň kanun çykaryjylary Belarusyň döwlet banklary bilen hyzmatdaşlygy we olary maliýeleşdirmegi togtatmalydygyny, Belarusy SWIFT halkara bank ulgamyndan çetleşdirmegi göz öňünde tutmalydygyny aýtdy.
Ýewropa Bileleşigi şu wagta çenli aktiwleri doňrurmak, 88 adama we ýedi gurama, şol sanda awgust aýynda saýlawlary galplaşdyrmakda aýyplnan Aleksandr Lukaşenka wiza bermegi gadagan etmek bilen, Belarusa üç tapgyr sanksiýa girizdi.