Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Guramaçylykly jenaýata garşy global polisiýa çäresinde ýüzlerçe adam tussag edildi

Birnäçe guramanyň habar bermegine görä, halkara polisiýasy guramaçylykly jenaýatçylyga garşy “dünýäde iň çylşyrymly” çäresini amala aşyrypdyr.


Häkimiýetler 18 ýurdy öz içine alýan giň operasiýada ýüzlerçe terrorçy toparyň, mafiýa guramasynyň we motorly jenaýat toparlarynyň ýüzlerçe agzasynyň tussag edilendigini habar berdiler.


"Ironside operasiýasy" diýlip atlandyrylan çäre ençeme ýurduň, şol sanda ABŞ-nyň, Ýewropa döwletleriniň, Awstraliýanyň we Täze Zelandiýanyň kanun goraýjy edaralarynyň arasynda üç ýylyň dowamynda alnyp barylan hyzmatdaşlyga esaslandy.


Awstraliýanyň we Täze Zelandiýanyň häkimiýetleri bütin dünýäde guramaçylykly jenaýatçylyga “agyr zarba” hökmünde häsiýetlendiren çäreleriň netijeleri barada ilkinji bolup habar berdiler.


Ýewropol we FBI guramalarynyň öz regionlaryndaky operasiýalar barada jikme-jik maglumat bermegine soňrak garaşylýar.


Diňe Awstraliýada geçirilen operasiýanyň çäginde 224 adama aýyplama bildirildi.


Täze Zelandiýanyň we Awstraliýanyň polisiýasy FBI guramasynyň ANOM atly ýapyk şifrlenen programma döredendigini we güman edilýän jenaýatçylaryň ony howpsuz ulgam öýdüp ulanmagyny gazanandygyny habar berdiler.


18 aýdan gowrak wagtyň dowamynda Latin Amerikadan Aziýa çenli jenaýat sindikatlarynyň neşe gaçakçylygy, pul ýuwmak işleri, adam öldürmek ýaly jenaýatçylyklary planlaşdyrmagyna polisiýa edaralary gözegçilik etdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus