Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Geçen ýyl 155 million adam agyr açlyga sezewar boldy - BMG

Geçen ýyl harby konfliktler, COVID-19 pandemiýasynyň döreden ykdysady çökgünliligi, howanyň aşa sowuk bolmagy zerarly azyndan 155 million adama ýaramaz täsir ýetdi, şu ýylyň hem şol derejede ýa-da hasam agyr bolmagyna garaşylýar diýlip, 16 guramanyň hasabatynda aýdylýar.


Krizis derejesinde galýan adamlaryň üçden iki bölegi 10 ýurtda, ýagny Owganystanda, Ýemende, Siriýada, Sudanda, Kongoda, demirgazyk Nigeriýada, Efiopiýada, Günorta Sudanda, Zimbabwede we Gaitide ýaşaýar.


155 million adam “krizis”, “adatdan daşary ýagdaý” ýa-da “betbagtçylyk” zerarly azyk ýetmezçiligine duçar bolandygy we bu sanyň 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 20 million adam artandygy bellenýär.


“Azyk howpsuzlygynyň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýan we gyssagly iýmit kömegine, azyga we ýaşamak üçin serişdelere mätäç adamlaryň sany artýar" diýip, BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterriş azyk krizisleri baradaky 307 sahypalyk global hasabatyň başynda ýazan hatynda aýdýar.


"21-nji asyrda açlyga we açlykdan ölüme orun ýokdyr" diýip, Guterriş aýtdy we "islendik meseläni çözmek üçin açlygy we dawa-jenjeli bilelikde çözmeli " diýdi.


Ynsanperwer kömeginiň 97% mätäç 55 ýurdy öz içine alýan hasabatda geçen ýyl Günorta Sudanda, Ýemende we Burkina Fasoda 133 000 adamyň açlykdan ölmeginiň öňüni almak üçin gyssagly iýmit gerek bolandygy aýdylýar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus