Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmen prezidentiniň ogly Orsýetiň hökümet baştutany bilen duşuşdy

Türkmenistanyň prezidentiniň ogly Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň premýer-ministri Mihail Mişustin bilen gepleşik geçirdi.


Gepleşikler 30-njy aprelde Gazanda Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň çäginde geçirildi, oňa Türkmenistanyň delegasiýasy Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy bilen hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.


39 ýaşly Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň premýer-ministriniň orunbasary wezipesine fewral aýynda bellendi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen onuň üçin goşmaça wise-premýer wezipesi döredildi we bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik palatasynyň başlygy wezipesi ynanyldy. 




Serdar Berdimuhamedowyň Ýewraziýa hökümetara geňeşine gatnaşmagy rus habar beriş serişdeleriniň neşirlerinde garaşylmadyk ýagdaý atlandyryldy.


MK-nyň "Mişustine Türkmenistanyň hojaýyny Berdimuhamedowyň mirasdüşeri görkezildi" sözbaşyly makalasynda "tutuş dünýä koronawirusa garşy göreşýän wagtynda, dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň birinde konstitusiýa reformasynyň geçirilendigi we ähtimal, häkimiýetiň kakasyndan ogluna miras geçip başlandygy bellenýär".


Mihail Mişustin bilen Serdar Berdimuhamedowyň arasynda geçirilen duşuşykda taraplar geçen ýyl Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň mukdarynyň 1,374 milliard dollara barabar bolandygyny habar berdiler. Russiýanyň premýer-ministriniň bellemegine görä, koronawirus çäklendirmeleriniň täsirine garamazdan, bu görkeziji soňky bäş ýylda rekord derejesine öwrüldi we 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende iki ýurduň arasyndaky söwda mukdary 40 göterim ýokarlandy.


"Türkmenportal" ýarym resmi onlaýn neşiriniň belleýşi ýaly mundan başga-da, duşuşykda Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda rus dilini öwretmäge uly üns berilýändigini, şeýle hem pandemiýa döwründe Türkmenistandan 36 000 okuwçynyň rus uniwersitetlerinde okandygyny aýdypdyr.


Bellesek, şu ýylyň başynda Türkmenistanda rus dilinde sapak berýän klaslaryň sany ep-esli azaldylypdy. Sentýabr aýynda Russiýanyň Daşary işler ministrligi muňa reaksiýa bildirip, türkmen tarapyndan düşündiriş sorandygyny mälim etdi. 




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus