ABŞ prezidenti Jo Baýden we german kansleri Angela Merkel Ukraina serhediniň ýakasynda Russiýanyň goşunlaryny azaltmagyň sebitde dartgynlylygy gowşatmaga ýardam edip biljekdigi barada ylalaşdy diýip, Merkeliň edarasy beren beýanatynda aýtdy.
Iki lider 14-nji aprelde telefonda gürleşenden soňra, german hökümetiniň metbugat sekretary Steffan Seitbert “Merkel we Baýden ýagdaýy gowşatmak üçin Russiýadan serhede üýşüren iň soňky goşunlaryny çekmegi talap etmegiň zerurdygy barada ylalaşdy” diýdi.
Soňky suratlar, wideolar we beýleki maglumatlar rus ýaragly bölümleriniň Ukrainanyň serhedine ýa-da golaýyna we Kryma tarap baryşyny görkezýär, bu bolsa Russiýanyň Ukraina goşun ibermäge taýýarlanýandygy barada aladalary tutaşdyrdy.
Baýden bilen Merkeliň telefon söhbetdeşligi NATO ministrleriniň wideokonferensiýa arkaly duşuşyp, Russiýanyň harby işjeňligini maslahat etmeginden soň geçirildi. NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg (Jens Stoltenberg) serhetdäki rus harby işjeňligini 2014-nji ýylda Krym anneksiýa edileli bäri rus goşunlarynyň iň köp ýygnanmagy diýip atlandyrdy.
Stoltenberg NATO agzalarynyň Russiýany “agressiw prowakasiýa görnüşli hereketleri bes etmäge” çagyrýandygyny aýtdy.
ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Ostin (Lloyd Austin) Ukrainanyň birnäçe wagt bäri tälim-türgenleşik we tehnika bilen üpjün edilýändigini we zerur bolanda ABŞ-nyň şeýle goldawlary bermäge dowam etdirjekdigini aýtdy.