Prezident Jo Baýden ABŞ goşunlarynyň 11-nji sentýabra çenli Owganystandan çekilmegi barada beren kararyny yglan etdi. 11-nji sentýabrda Al-Kaýdanyň Birleşen Ştatlara eden terror hüjümlerine 20 ýyl dolýar. Bu hüjümler konflikti tutaşdyrypdy.
“Amerikanyň iň uzaga çeken söweşini soňlandyrmagyň wagty geldi” diýip, Baýden 14-nji aprelde Ak tamda eden çykyşynda aýtdy.
“Amerikan harbylary üçin öýe dolanmagyň wagty geldi” diýip, ol aýtdy.
Baýden Owganystanda galan 2500 ABŞ harbysyny çekmek işleriniň 1-nji maýda başlanjakdygyny aýtdy.
“Biz ýurtdan çykmakda howlukmaýarys. Biz muny jogapkärçilikli, hüşgär we howpsuz ýerine ýetireris. Biz muny öz ýaranlarymyz we hyzmatdaşlarymyz bilen doly utgaşykly amala aşyrarys” diýip, Baýden aýtdy.
Şeýle-de, ol regional güýçleri, şol sanda Pakistany, Hindistany, Hytaýy, Russiýany we Türkiýäni Owganystana goldaw bermäge çagyrdy.
Baýden owgan hökümetini goldamaga dowam etdirjekdigini wada berdi, ýöne harby taýdan däl.
Baýdeniň bildirişiniň yz ýany ýaýradan beýanatynda NATO ýaranlygyň 1-nji maýa çenli Owganystandan öz güýçlerini çykaryp başlamak boýunça ylalaşandygyny aýtdy.