Мы в Telegram
Добавить новость

Ульяновск вошел в топ-5 городов по дистанционному трудоустройству в МТС

Президент ДР Конго объяснил британцу, почему в Африке любят Россию

Оркестр «Серебряные трубы» выступил в Чехове в преддверии 9 Мая

Сотрудники Росгвардии обеспечили безопасность граждан в период празднования Светлого Христова Воскресения

World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň arasynda ölüm wakasy köpelýär

Daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň arasynda ölüm wakasy köpelýär

11-nji aprelde Russiýada okaýan we adynyň tutulmagyny islemedik türkmenistanly studentden Azatlyk Radiosyna gowşan maglumatlara görä, Adygeý respublikasynyň döwlet uniwersitetinde okaýan Orazmyrat Nurýagdyýew Soçide gurluşykda işleýän desgasynyň 5-nji gatyndan düşüp, aradan çykdy.

Emma onuň 5-nji gatdan nähili düşendigi anyk däl.

Türkmen studentiniň ýene-de aýdyşyça, Orazmyrat Nurýagdyýew Adygeý respublikasynyň merkezi Moýkop şäheriniň musulman gonamçylygynda jaýlandy.

“Orazmyradyň jynazasyna iki müň çemesi adam gatnaşdy. Ýöne olaryň arasynda uniwersitetiň türkmenistanly jogapkär wekili we onuň kömekçisi ýokdy” diýip ol habar berdi.

Nurýagdyýewiň 12-nji aprelde üçi bellenýär.

Orazmyrat Nurýagdyýew 2017-nji ýylda Mary welaýatynyň Murgap etrabyndan Adygeý respublikasyna okamaga gelipdi diýip adynyň tutulmagyny islemedik türkmen studenti Azatlyk Radiosyna habar berdi.

Türkiýede hereket edýän “Türkmenistanyň Ýaşlar Hereketniň” aktiwisti Dürsoltan Taganowanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, olara Russiýanyň Krasnodar regionynda okaýan türkmen student gyzyň ölümi barada maglumat gowuşdy.

“Bize 9-njy aprelde gowşan habara görä, Russiýanyň Krasnodar regionynyň Armawir şäherinde okaýan we 1998-nji ýylda doglan Daşoguz welaýatynyň Ýylanly etrabyndan bolan Roza Babajanowa aradan çykypdyr. Onuň gulagynyň arkasynda bir çiş emele gelipdir.

Şony kesip aýyrtmak üçin hassahana girýär. Ilki ony operasiýa üçin agyr hassalar bölümine, renimasiýa alýarlar. Soňra palata geçirýärler. Onsoň ýene-de agyr hassalar bölümine, renimasiýa alýarlar. Ol şeýle ýagdaýda aradan çykýar. Bu maglumaty Babajanowynyň hossarlary hem tassyklady. Ýöne ol birnäçe günläp pulsuzlykdan örän horluk çekipdir. Başga jikme-jik habar alyp bilmedik” diýip, Taganowa gürrüň berdi.

Aktiwist Dürsoltan Taganowa ýaş gyzyň ene-atasynyň eden aladalarynyň netije bermän, ony jaýlamaga gelip ýa-da alyp gidip bilmändiklerini, türkmen resmileriniň kömek etmändigi üçin türkmen ýaşlarynyň özaralarynda pul ýygnap, Roza Babajanowany Armawir şäherindäki musulman gonamçylygynda jaýlandyklaryny hem aýtdy.

“Şeýle-de bize gelen habarlara görä, Roza Babajanowanyň jesedini morgdan almak üçin raýatlar özaralarynda pul ýygnapdyrlar. Olar student gyzyň jesedini Türkmenistana alyp gitmek barada konsulhana ýüz tutupdyrlar. Emma olar jesedi alyp bilmejekdiklerini aýdypdyrlar. Babajanowanyň ene-atasy bu meselede häkimiýetlere ýüz tutupdyrlar. Emma ol ýurdymyza kabul edilmedi” diýip, Taganowa aýtdy.

14-nji ýanwarda bolsa, Galmygystanyň Elista şäherinde takmynan, agşam sagat 11-de bolan wakada türkmenistanly üç student „Grand“söwda merkeziniň gurluşygynda işleýärkä, üstlerine diwar ýykyldy.

Wakada bir student aradan çykdy we başga bir student agyr ýaralandy diýip turkmen.news neşiri ýazdy.

Galmygystanyň Elista şäheriniň döwlet uniwersitetiniň studenti Mälikberdi Allamyradow bu wakany şeýle ýatlaýar.

“Şol gije gurluşykda üç sany türkmen studenti işleýär eken. Olar bir diwary itekläp aýyrmakçy bolanlarynda, Akmuhammet Ylýasow diwaryň aşagynda galyp, aradan çykýar. Ýene-de biri agyr ýaralanýar.Ony keselhana ýerleşdirýärler. Ol häzirki wagtda sagdyn. Akmuhammet Ylýasow Elista döwlet uniwersitetiniň inženerlik bölüminde okaýardy”

Allamyradow Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde Akmuhammet Ylýasowyň jynazasyny bile okaýan ýoldaşlarynyň gurnap, musulman gonamçylygynda jaýlandyklaryny, oňa ene-atasynyň, türkmen konsullygynyň wekilleriniň gatnaşmandyklaryny aýtdy.

Türkmen.News neşiriniň ýaýradan habaryna görä, 22-nji martda Belarusyň Grodnyý şäheriniň döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl studenti aradan çykdy.

Azatlyk Radiosynyň mundan owal beren maglumatyna görä, 6-njy martda Astrahanda 23 ýaşly türkmenistanly student ýol heläkçiliginde aradan çykdy.

“Turkmen.news” neşiriniň maglumatyna görä, awtoulagyň kakmagy zerarly ýogalan türkmenistanly Arslanbek Muhiddinow Astrahanyň döwlet tehniki uniwersitetinde nebit-gaz biznesi boýunça okaýardy.

Daşary ýurtlarda bolan dürli wakalarda aradan çykan studentler baradaky maglumatlar bilen bagly türkmen resmilerinden kommentariýa almak başartmady.

Synçylaryň we aktiwistleriň pikiriçe, türkmen studentleriniň soňky döwürde maddy kynçylyklarynyň hasda ýitileşmegi sebäpli, olar okuwyna töleg etmekde, güzeran aýlamakda örän agyr ýagdaýlary başdan geçirýärler.

Sebäbi, olara ene-atasynyň iki aýdan bir ýollaýan 50 dollary Russiýa ýaly gymmatçylyk bolan ýurtda hiç zada ýetmeýär.

Daşary ýurt mediasynyň ýaýradan resmi sanlaryna görä, diňe Orsýetde 30 müň sany, Türkiýede 18 mün 16 sany, Belarusda 9 müň 788 sany Türkmenistanly student okaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Фильм на осетинском языке «Семь черных бумаг» выйдет в прокат 9 мая

Второй летний музыкальный фестиваль «Зарядье» пройдет в Москве в июне

Ефимов: около семи тысяч рабочих мест создадут в четырёх проектах КРТ

Президент ДР Конго объяснил британцу, почему в Африке любят Россию

Музыкальные новости

Полина Гагарина: «Нет, я не ухожу на пенсию»

Анонсирована Batman: Arkham Shadow для VR-гарнитуры Meta* Quest 3

Учащиеся класса Росгвардии приняли участие в военно-патриотической игре "Зарница 2.0" в Зеленогорске

"Байконур" могут передать США? После роста цены аренды для России посыпались версии

Новости России

Мария Багреева: Москва подписала почти 50 тыс. контрактов с бизнесом на портале поставщиков

Второй летний музыкальный фестиваль «Зарядье» пройдет в Москве в июне

Ефимов: около семи тысяч рабочих мест создадут в четырёх проектах КРТ

Фильм на осетинском языке «Семь черных бумаг» выйдет в прокат 9 мая

Экология в России и мире

Travel-эксперт Тариел Гажиенко: какую страну выбрать для семейного отпуска

Около 200 учащихся школ и ссузов, а также дошкольников стали участниками Всероссийской акции «Неделя без турникетов» на предприятиях филиала «Северный» ООО «ЛокоТех-Сервис».

Дети-пациенты посетили развлекательный центр

С чем носить весной белые брюки: образы, которые вас омолодят

Спорт в России и мире

Соболенко уступила Свентек в финале турнира WTA-1000 в Мадриде

WTA огорчила Елену Рыбакину после турнира в Мадриде

«Титул, которым я горжусь больше всего»: Рублёв одолел Оже-Альяссима и выиграл второй турнир серии «Мастерс» в карьере

«Ну и кто сказал, что женский теннис — это скучно?» Свёнтек — после матча с Соболенко

Moscow.media

Сотрудники Росгвардии обеспечили безопасность встречи Благодатного огня в Москве

Композитор Классической музыки Сергей Брановицкий представляет произведения классической музыки.

Красный пляж в Китае: загорать нельзя, можно только любоваться

ТСД SAOTRON RT-T50: высокопроизводительный терминал сбора данных промышленного класса











Топ новостей на этот час

Rss.plus






Захватывающий фестиваль K-POP танцев CoverLand прогремел в ТРЦ «Нора»

В подмосковном ЖК «Пехра» открылась детская поликлиника на 50 посещений в смену

Оркестр «Серебряные трубы» выступил в Чехове в преддверии 9 Мая

Ситуация под Авдеевкой на сегодня. Карта боевых действий от 6 мая 2024 года