Owgan hukuk topary “Talybanyň” žurnalistiň maşgala agzalaryny öldürendigini aýdýar
Gor welaýatynyň hususy radio stansiýasynyň baş redaktory, žurnalist Bismillah Adel Aýmak 1-nji ýanwarda näbelli hüjümçiler tarapyndan atylyp öldürilipdi.
25-nji fewralda ýaragly jeňçiler Aýmakyň kakasynyň Firoz Koh şäherindäki öýüne hüjüm etdiler.
Hüjümiň sebäpleri häzirlikçe doly aýdyň däl.
Adam hukuklary boýunça garaşsyz owgan komissiýasynyň 28-nji fewralda beren maglumatyna görä, “Talyban” jeňçileri maşgalanyň üç agzasyny öldürmek bilen birlikde, onuň başga-da dört agzasyny ýaralapdyrlar, şeýle-de üç agzasyny alyp gaçypdyrlar.
Komissýa owgan hökümetine ýüzlenip, hadysany derňemäge çagyrdy.
Aýmakyň maşgalasyna edilen hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.
“Talybanyň” metbugat wekili 26-njy fewralda çykyş edip, jeňçi toparynyň bu hüjüm bilen ilteşiginiň ýokdugny aýtdy.
Soňky aýlarda Owganystanda žurnalistlere garşy edilýän hüjümler ýaýbaňlandy.
Düýbi Kabulda ýerleşýän “Owganystandaky Media” toparynyň maglumatyna görä, 2020-nji ýylyň dowamynda ýurtda azyndan 11 žurnalist öldürilipdir.