Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabatda Leningradyň goragçylaryna we ýaşaýjylaryna ýadygärlik gurmak planlaşdyrylýar

“Türkmenportal” rus mediasyna salgylanyp, Aşgabatda II Jahan urşy ýyllarynda gabawa düşen Leningradyň goragçylaryna we ýaşaýjylaryna ýadygärlik gurmagyň planlaşdyrylýandygyny habar berýär.


Topspb.tv bu habary Sankt-Peterburg şäheriniň daşarky gatnaşyklar komitetiniň başlygynyň orunbasary Arbi Abubakarowa salgylanyp çap etdi.


Şäher resmisi Sankt-Peterburgyň Leningrad gabawynyň daşary ýurtlardaky hatyrasyny saklamak boýunça işjeň syýasaty alyp barýandygyny belläp, 2020-nji ýylda Iýerusalimde "Hakyda şemi" ýadygärliginiň açylandygyny, Mançesterde gabalan Leningradyň ýaşaýjylaryna ýadygärlik dikilendigini aýtdy.


“Biz häzir Daşkentde gabaw astyndaky Leningradyň goragçylaryna we ýaşaýjylaryna ýadygärlik açylmagyna işjeň taýýarlyk görýäris, uruş wagtynda bu ýere Demirgazyk paýtagtyň köp ýaşaýjysy ewakuasiýa edildi. Şeýle ýadygärligi Aşgabatda-da gurmagy planlaşdyrýarys” diýip, Abubakarow pandemiýa bilen bagly ýagdaýlar mümkinçilik berse, bu ýadygärlikleriň şu ýylda açyljakdygyny aýdypdyr.


Türkmenistanam uruş ýyllarynda ewakuasiýa edilen müňlerçe adama, şol sanda leningradlylara pena boldy.


Orsýetde II Jahan urşy, şol sanda Leningrad gabawy hakynda köp sanly täze maglumat, hususan-da döwlet ýolbaşçylarynyň ýalňyşlyklary netijesinde pida bolan adamlar barada ozal aýdylmadyk zatlar mälim edildi, emma Türkmenistanyň halkyna bu maglumatlar elýeterli edilmeýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus