Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Rus raýatlygyny alýan türkmenistanly köpelýär 

Garaşsyz neşiriň rus çeşmelerine salgylanyp ýazmagyna görä, 2020-nji ýylda rus raýatlygyny alan türkmenistanlaryň sany iki esse artdy.


Emma muňa garamazdan, “Turkmen.news” Türkmenistanyň bu meselede beýleki GDA ýurtlary bilen deňeşdirilende iň soňky orunda durýandygyny belleýär.


Şol bir wagtda, Russiýa Federasiýasynyň Içeri işler ministrliginiň web sahypasynda çap edilen statistiki maglumatlar 2020-nji ýylda Russiýanyň raýatlygyny alan türkmen raýatlarynyň sanynyň 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende iki esse köpeldigini görkezýär.


2019-njy ýylda Türkmenistandan gelen 1361 immigrant Russiýanyň raýaty boldy, 2020-nji ýylda bu ýurtdan 2,451 raýat Orsýete geldi diýip, habarda aýdylýar.


Orsýetden raýatlyk almakda soňky orunda durýan türkmenistanlylar Türkiýeden ýaşaýyş rugsadyny almakda öňdäki orunlary eýeleýär.


Türkiýäniň Migrasiýa gullugynyň maglumatyna görä, geçen 2020-nji ýylda Türkiýede ýaşaýyş rugsadyny alan daşary ýurt raýatlarynyň arasynda türkmenistanlylar yraklylardan we siriýalylardan soň üçünji orny aldy.


Çap edilen soňky sanlar ýylyň dowamynda Türkiýede 87,2 müň türkmenistanlynyň ýaşaýyş rugsadyny alandygyny görkezýär.


Türkmen häkimiýetleri ýurtda günäsi geçirlýän tussaglaryň, täze raýatlyk alan adamlaryň sanyny yzygiderli çap edýär.


Mysal üçin, Türkmenistanda Bitaraplyk baýramy mynasybetli 2078 raýatyň we 4 daşary ýurt raýatynyň günäsi geçildi, 2 müň 580 adama raýatlyk berildi.


Emma resmi Aşgabat, näme üçindir,  daşary ýurtlara işlemäge ýa-da hemişelik ýaşamaga gidýän raýatlaryň, okuwa gidip, yzyna gelmeýän ýaşlaryň sanyny çap etmeýär.


Syzyp çykýan maglumatlara görä, soňky ýyllarda Türkmenistandan iki milliona golaý raýat başga ýurtlara çykypdyr we, ýerli synçylaryň hasaplamalaryna görä, hünärsiz we islendik pes aýlykly işlerde işlemäge taýýar türkmenistanlylar bilen bilelikde, ýokary bilimli we hünärli adamlar hem ýurtdan barha kän gitmägä çalyşýar.


Türkmen hökümetiniň tankytçylary we aktiwistler, şol sanda migrant işçiler ýurtdaky ýaşaýyş, durmuş şertleriniň ýyl-ýyldan agyrlaşýandygyny we alaçsyz galan adamlaryň köplenç başga bir ýurda çykmak arzuwyny edýändigini aýdýarlar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus