Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Waşington Ýemeniň Huti gozgalaňçylaryny terrorçy sanawyndan çykarmakçy bolýar

Birleşen Ştatlar, emele gelen gumanitar krizise jogap çäresi hökmünde, Ýemeniň Huti gozgalaňçylarynyň terrorçylykly topar hökmünde sanawa alynmagyny ýatyryp, ABŞ-nyň ozalky administrasiýasynyň iň köp tankytlanan soňky minut kararlarynyň birini yzyna almakçy bolýar.


Kongres agzalary prezident diwanynyň planlary bilen habarly edileninden soň, Döwlet departamentiniň resmisi bu karary 5-nji fewralda tassyk etdi.


Bu yza gaýtma prezident Jo Baýdeniň Saud Arabystanynyň Ýemendäki harby kampaniýasyna ABŞ goldawynyň bes ediljekdigini yglan etmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Bu ýagdaýlara  köpler Saud Arabystany bilen Eýranyň arasyndaky proksi çaknyşyk hökmünde seredýärdi.


Metbugat sekretary Stefan Dujarrigiň 6-njy fewralda "bu esasy ýaşaýyş zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin ynsanperwer kömegine we täjirçilik importyna bil baglaýan millionlarça ýemenlä uly ýeňillik döreder" diýmegi bilen, Birleşen Milletler Guramasy ABŞ-nyň bu gelen kararyny gutlady.


Ýurduň 29 million ilatynyň 80 göteriminiň diri galmak üçin haýsydyr bir kömege mätäç bolmagy netijesinde, Birleşen Milletler Guramasy Ýemendäki ýagdaýy dünýädäki iň erbet gumanitar krizis diýip häsiýetlendirýär.


Döwlet departamentiniň işgäri bu çäräniň "bütinleý" ynsanperwerlik nukdaý nazaryndan görlendigini, onuň ABŞ-nyň hutilere bolan garaýşyna we olaryň "ýazgarylýan hereketlerine, şol sanda asuda ilata garşy hüjümlerine hem-de amerikan raýatlaryny alyp gaçmagyna dahylly däldigini” nygtady.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus