Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Mýanmada harby agdarylyşyk boldy

Mýanmanyň harby güýçleri döwlet agdarylyşygy amala aşyryp, ýurduň de-fakto liderini Aung San Su Çini we dolandyryjy partiýanyň beýleki ýokary derejeli resmilerini irden geçirilen reýdlerde tussag etdi.


Harbylaryň gözegçiligindäki "Myawaddy" teleýaýlymy, 1-nji fewralda saýlawlar baradaky dawa-jenjeliň arasynda “durnuklylygy” goramak üçin bir ýyllyk adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.


Okalan beýanatda täze ýerine ýetiriji prezidentiň wise-prezident bolan öňki general Myint Swe boljagy aýdylýar.


Beýanatda harby başlyk general Min Aung Hlaingiň "kanunçylyga, dolandyryş we kazyýet ulgamyna" gözegçilik edýändigi yglan edilýär.


Bu habar harby güýçler Su Çini, prezident Win Myinti we dolandyryjy Milli Demokratiýa Ligasynyň (NLD) beýleki ýokary derejeli şahsyýetleri tussag edenlerinden birnäçe sagat soň edildi.


Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Awstraliýa we beýleki ýurtlar döwlet agdarylyşygyndan we hökümetiň raýat ýolbaşçylarynyň tussag edilmeginden alada galýandygyny mälim etdiler.


Döwlet agdarylyşygy soňky hepdelerde hökümet bilen harby ýolbaşçylaryň arasynda barha artan dartgynlylykdan soň bolup geçdi.


Noýabr aýynda geçirilen saýlawdan soň hökümetiň we harbylaryň arasyndaky gatnaşyklar dartgynlaşdy. Harbylar saýlawlary galp bolandygyny aýtdylar.


NLD saýlawlarda ýeňiş gazanansoň Mejlis 1-nji fewralda işine başlamalydy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus