Lukaşenka garşy protestler dowam edýärkä, Belarus polisiýasy 160-dan gowrak adamy tussag etdi
Wideoda polisiýanyň demonstrantlary ýollarda tutup, mikroawtobuslara salýandygyny görmek mümkin. Başga bir wideoda polisiýanyň howlularyň içinde barýan demonstrantlary kowalaýandygy görkezilýär.
Tussag edilenleriň arasynda Şweýsariýaly žurnalist Luzia Tçirki saklandy. Ol Şweýsariýanyň ilçihanasynyň goşulmagyndan soň birnäçe sagatlyk tussaglykdan boşadyldy.
Belaruslylar 9-njy awgustda geçirilen prezident saýlawlaryndan bäri Lukahsenka garşy nägilelik bildirmek üçin yzygiderli köçelere çykýarlar we saýlawlaryň galplaşdyrylandygyny aýdýarlar.
Geçen ýyl 26 ýylyň dowamynda ýurdy dolandyran Lukaşenka garşylyk bildirmek üçin her hepde geçirilen demonstrasiýalara 100,000 töweregi adam gatnaşdy.
Lukaşenko öz raýatlaryna rehimsiz basyş edip, şol sanda on müňlerçe adamy tussag etmek arkaly häkimiýete ýapyşmagyny dowam etdirdi.